Adamzat jemgyýetinde irki döwürlerden bäri tizligi talap edýän dürli ýaryşlar geçirilip gelinýär. Muňa awtoulag ýaryşlary, at we düýe ýaryşlary, düýeguş ylgawy, it ýaryşlary ýaly bäsleşikleri mysal getirmek bolar. Şeýle ýaryşlaryň hataryna dünýäniň iň haýal jandary hasaplanýan ulitkalaryň (suwöküz) «pellehana barmak» ýaryşyny hem goşmak bolar. Gyzykly hem-de şowhunly ýagdaýda geçirilýän bu täsin ýaryş 1960-njy ýyllardan gözbaş alýar. Kongam obasynda geçirilip başlanan ýaryş 1995-nji ýylda Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem meşhur bolýar. 1970-nji ýyldan bäri her ýyl Angliýanyň Norfolk şäheriniň Kongam obasynda «Ulitka ýaryşy boýunça Dünýä çempionaty» geçirilýär.
Ýaryşlar ak mata örtülen 33 santimetrlik tegelek tagtanyň üstünde geçirilýär. Ulitkalaryň ýeňil hereket etmegi üçin halkaly çyzyklary bolan mata çyglandyrylýar. Ýaryşa gatnaşýan ulitkalary tapawutlandyrmak üçin örküjinde sanlar hem ýazylýar. Haýal jandarlar ýaryşy guraýjy eminiň gözegçiliginde merkezi nokatdan tagtanyň daşyna tarap hereket edip başlaýarlar. Oýna gatnaşyjylar öz ulitkasynyň adyny tutup, ýanyna çagyrýarlar. Şeýlelikde, halkalardan geçip, haýsysy birinji gelse, şol hem ýaryşyň ýeňijisi bolýar. Ýaryşda ikinji we üçünji orny eýelänler hem hasaba alynýar. 1995-nji ýylda Arçi atly ulitka
2 minutda pellehana gelip, dünýä rekordyny goýdy. Arçi häzirki wagta çenli iň çalt ulitka bolmagynda galýar. Şu ýyl 8-nji iýulda Kongam obasynyň kriket klubynda geçirilen «Ulitka ýaryşy boýunça Dünýä çempionatyna» Nikolas Dikson eminlik edip, Ewi atly ulitka ýeňiji boldy. Haýal jandarlaryň bu ýylky ýeňijisi 7 minut 24 sekuntda pellehana gelmegi başardy.