17-nji iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri S.Jo­ra­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Nýu-Ýork­da “COVID-19-dan soň di­kel­diş işi­ni çalt­laş­dyr­mak we äh­li de­re­je­ler­de 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş ugur­la­ryn­da Gün ter­ti­bi­niň do­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi” at­ly mow­zuk bi­len ge­çi­ril­ýän Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li fo­ru­ma gat­naş­dy.
Fo­ru­myň umu­my mej­li­sin­de çy­kyş et­mek bi­len, mi­nistr 2030-njy ýy­la çen­li Dur­nuk­ly ösüş ug­run­da Gün ter­ti­bi­ni dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de mil­li we hal­ka­ra de­re­je­ler­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­ny be­ýan et­di.
Çy­kyş­da äh­lu­mu­my ösüş mak­sat­la­ry­nyň or­ta we uzak möh­let­li mil­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ra we stra­te­gi­ýa­la­ra or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si bel­le­nil­di.
Türk­me­nis­tan­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ös­dür­mä­ge, äh­lu­mu­my, ada­lat­ly we ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge, daş­ky gur­şa­wyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­giň äh­li ugur­la­ryn­da tä­ze­çil­lik gi­riz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Pan­de­mi­ýa döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň ag­la­ba pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ni pe­selt­män, eý­sem, yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gy ba­şa­ran­dy­gy bel­len­di.