18-nji iýul­da Mas­la­hat­lar mer­ke­zin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­lyk baý­ra­my­na hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň ag­za­la­ry, Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, döw­let, hä­ki­mi­ýet, jem­gy­ýet­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­sin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ta­ry­hy çy­ky­şy diň­le­nil­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz däp bol­şy ýa­ly, her ýyl ag­zy­bir hal­ky­my­zyň Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­ny aý­ra­tyn buý­sanç bi­len gar­şy al­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Çün­ki bu se­ne Ga­raş­syz ýur­du­myz hem-de ag­zy­bir hal­ky­myz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li, buý­sanç­ly, bi­ziň her bi­ri­mi­zi tä­ze, has be­lent mak­sat­la­ra gal­kyn­dyr­ýan şan­ly wa­ka­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ge­çir­mek bi­len, bu mej­lis­de döw­le­ti­mi­ziň ösü­şin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň, ýe­ti­len sep­git­le­riň, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň je­mi­ni jem­lä­ris, şeý­le hem hä­zir­ki ta­lap­lar­dan, tä­ze yk­dy­sa­dy şert­ler­den ugur alyp, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de öňü­miz­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ça­gyr­mak we ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­ny dö­ret­mek, onuň ge­çi­ril­jek se­ne­si­ni kes­git­le­mek hem-de dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dü­zü­mi­ne we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň halk mas­la­hat­la­ry ta­ra­pyn­dan tek­lip edil­ýän jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri­ni hö­dür­le­me­giň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň ka­bul edil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly iş­le­riň çä­gin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe gör­ke­zi­ji­le­ri­niň iç­gin sel­je­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da aý­ra­tyn mö­hüm ha­sap­lan­ýan ugur­lar ba­ra­da aýt­dy.
Şeý­le-de, Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň söw­da-yk­dy­sa­dy, se­na­gat, önüm­çi­lik, do­lan­dy­ryş, ka­nun­çy­lyk-hu­kuk, hyz­mat ediş we me­de­ni-dur­muş ugur­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, ýe­ti­len sep­git­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry hem-de gel­jek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan beý­le­ki ha­bar­la­ry, ol mag­lu­mat­lar esa­syn­da tek­lip­le­ri, ga­ra­ýyş­la­ry gys­ga wagt­da iş­läp taý­ýar­la­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny­nyň 19-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de alyp bar­ma­ly iş­le­ri­niň mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­di.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň dö­re­di­len­di­gi­ni aý­dyp, Mil­li Li­de­ri­miz ýa­şu­lu­la­ryň bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re do­ly gi­ri­şip, ola­ryň bir­nä­çe asyl­ly, döw­let­li iş­le­ri alyp bar­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Mun­dan beý­läk hem ýaş ne­sil­le­riň ala­da­sy edi­lip, olar gol­daw-he­ma­ýat bi­len gur­şa­lar we ça­ga­la­ryň bäh­bit­le­rin­den ugur al­nyp, asyl­ly iş­ler döw­let de­re­je­sin­de do­wam et­di­ri­ler. Şun­da hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­zyň türk­me­niň asyl ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­na, alyp bar­ýan iş­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. Şol mak­sat­lar bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek ba­ra­da ne­ti­jä gel­dik di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Şu mej­li­se ge­ňe­şiň ag­za­la­ry­nyň ça­gy­ry­lan­dy­gy­ny, ola­ryň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­na taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­lan­dyk­la­ry­ny bel­läp, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ge­ňe­şiň ag­za­la­ry­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri we ol ýer­de gur­lan ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň işi bi­len iç­gin ta­nyş­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça il­kin­ji no­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­ler ba­ra­da çy­kyş et­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy K.Ba­ba­ýe­we söz ber­di.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy hä­zir­ki dö­wür­de “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­gä­ni esa­sy ugur edin­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, adam­la­ryň döw­re­bap ýa­şaý­şy, ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­ti üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­läp, şun­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we do­lan­dy­ryş müm­kin­çi­lik­le­ri­niň döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de ös­dü­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de ut­ga­şyk­ly iş­le­ri ýo­la go­ýup, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da de­giş­li dü­züm­ler bi­len äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ni nyg­tap, K.Ba­ba­ýew şun­da de­giş­li sel­jer­me­le­ri, tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak we mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni, on­da ka­bul edil­jek res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny tas­syk­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­le­riň, du­şu­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi­niň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­ky­şy diň­läp, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di. Şun­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň ag­za­la­ry­nyň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ýa­şa­sa­lar-da, Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan­la­ry­ny hal­ka­ra de­re­je­de wa­gyz ed­ýän­dik­le­ri­ni, dür­li ugur­lar­da­ky dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge öz my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýan­dyk­la­ry­ny hem-de her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li bir­le­şi­giň mas­la­hat­la­ry­ny ge­çi­rip, alyp ba­ran iş­le­ri­niň je­mi­ni jem­le­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bu gu­ra­ma­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de bir­le­şi­giň mas­la­ha­ty­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­mek üçin Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň Pre­zi­den­ti­niň orun­ba­sa­ry R.Ba­za­ro­wa söz ber­di.
R.Ba­za­row çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň we öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä de­re­je­sin­de giň­den yk­rar edil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şun­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan asyl­ly iş­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­me­gi­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi bel­le­nil­di.
Hä­zir­ki wagt­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­niň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny, ýö­ri­te me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt­ly we­kil­le­riň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baý­ra­my my­na­sy­bet­li gu­ral­jak me­de­ni çä­re­le­re gat­naş­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň iş­jeň öw­re­nil­ýän­di­gi­ni we olar bo­ýun­ça ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni nyg­tap, R.Ba­za­row ha­sa­ba­ty­ny jem­le­di.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz be­ril­di. Ol Pre­zi­diu­myň mej­li­sin­de Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­ry-aý­ry pu­dak­la­ra uly üns be­ren­di­gi­ni, şol san­da bi­lim, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ulag we beý­le­ki ul­gam­lar bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­län­di­gi­ni bel­le­di. Bu mak­sat­lar hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni bar­ha ös­dü­rer di­ýip, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ta­ry­hy iş­le­re, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýe­di ýaş­dan ýet­miş ýaş­ly ra­ýat­la­ryň gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy. Bu je­bis­li­giň, ag­zy­bir­li­giň, bi­te­wü­li­giň ny­şa­ny­dyr.
Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy sö­zü­niň ahy­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň örän oý­la­ny­şyk­ly çöz­güt­le­ri­niň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça iş­le­re şu gün­den baş­lap ýo­ka­ry de­re­je­de, gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­ri­şil­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa söz be­ril­di. Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hal­ky­my­zyň ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re buý­sa­nyp, döw­le­ti­mi­ziň be­ýik gel­je­gi­ne uly ynam bi­len ga­rap, je­bis­lik­de, ag­zy­bir­lik­de zäh­met çek­ýän­di­gi­ni bel­le­mek bi­len, Mej­li­siň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýur­dy do­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de top­lan baý ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek, döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­re ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni giň­den çek­mek ar­ka­ly mas­la­hat­la­şyp çöz­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni uly buý­sanç bi­len nyg­ta­dy.
Şeý­le-de, ol Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­sin­de Mil­li Li­de­ri­mi­ziň il için­de ab­raý­dan peý­da­lan­ýan, öz ha­lal zäh­me­ti bi­len ýo­ka­ry zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­za­nan wa­tan­daş­la­ry­my­zy döw­let sy­lag­la­ry­na hö­dür­le­mek, hor­mat­ly at­la­ry dak­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri kes­git­län­di­gi­ni bel­läp, bu iş­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Soň­ra mej­lis Aş­ga­bat şä­her halk mas­la­ha­ty­nyň baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy G.Ata­ýe­wiň çy­ky­şy bi­len do­wam et­di. Ol Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň ba­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let äh­mi­ýet­li mej­li­si ge­çi­rip, ta­ry­hy söz söz­le­mek bi­len, mö­hüm äh­mi­ýet­li we­zi­pe­le­ri kes­git­län­di­gi­ni bel­le­di. Şol we­zi­pe­ler­den ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry hal­kyň ara­syn­da bo­lup, wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­di­ler we şun­da uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze öz­le­ri­niň ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­kyş­lar üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, öň­de bol­jak şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly iş­le­ri­niň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň öňün­de ýur­du­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça gel­jek­de-de uly we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Mej­lis, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len bi­le­lik­dä­ki ne­ti­je­li iş­le­ri do­wam et­di­rip, Di­ýa­ry­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­ny has-da çuň­laş­dyr­mak bi­len, Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sa­da ok­gun­ly iş­le­ri alyp bar­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň we beý­le­ki we­kil­çi­lik­li eda­ra­la­ryň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň şu ýy­lyň ap­re­lin­de ge­çi­ri­len mej­lis­de kes­git­le­nen­di­gi­ni bel­läp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­mi­zi yzy­gi­der­li de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň, se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, ila­tyň gün­de­lik ze­rur­lyk­la­ry­ny we is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak ba­bat­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň esa­sy we­zi­pe­ler hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ni aýt­dy.
Biz gel­jek­de-de dür­li ugur­lar­da alyp bar­ýan öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­my­zy üs­tün­lik­li do­wam et­dir­mek üçin tek­lip­le­riň üs­tün­de iş­le­me­li. Şun­da iň esa­sy mak­sat ýur­du­my­zyň äh­li ila­ty­nyň aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek, her bir adam üçin amat­ly ýa­şa­ýyş gur­şa­wy­ny dö­ret­mek bo­lup dur­ýar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si­ni jem­le­di.