“Baharyň on ýedi pursady” atly nusgawy rus filminiň ekrana çykanyna 50 ýyl doldy. Film şeýle bir meşhurlyk gazandy welin, ony üç aý geçende, ýene-de görkezdiler. Serialy üç ýylda surata düşürdiler. Filmde sowet aňtawçysy Ştirlisiň durmuşy barada gürrüň berilýär. Onuň keşbini aktýor Wýaçeslaw Tihonow ýerine ýetirýär.