Azi­ýa klub­la­ry­nyň ara­syn­da­ky 2-nji de­re­je­li ýa­ryş bo­lan AFK Ku­bo­gyn­da saý­la­ma tap­gy­ryn­da Ma­ry­nyň “Merw” to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. Ma­ry­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da “Merw” to­pa­ry Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň “Alaý” to­pa­ry­ny ka­bul et­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da “Merw” 1-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. “Merw” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 13-nji mi­nut­da Mu­sa Na­za­row öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da “Merw” to­pa­ry 17 ýyl­dan soň çy­kyş ed­ýän ýa­ry­şyn­da pleý-off tap­gy­ry­na çyk­dy. Il­deş­le­ri­miz pleý-off tap­gy­ryn­da Tä­ji­gis­ta­nyň çem­pio­na­ty­ny 3-nji orun­da ta­mam­lan “Hu­jand” to­pa­ry bi­len myh­man­çy­lyk­da du­şu­şar. Du­şu­şyk 22-nji aw­gust­da Hu­jand şä­he­rin­dä­ki “Ga­raş­syz­ly­gyň” 20 ýyl­ly­gy sta­dio­nyn­da oý­na­lar. “Merw” bu du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan ýag­da­ýyn­da ýa­ry­şyň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ryn­da çy­kyş et­mä­ge müm­kin­çi­lik alar. “Merw” to­pa­ry to­par­ça­lar­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­sa, paý­tag­ty­my­zyň “Al­tyn Asyr”, Tä­ji­gis­ta­nyň “Raw­şan” hem-de Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň “Ab­dyş-Ata” to­par­la­ry bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň to­par­ça­sy­na dü­şer. AFK-nyň Ku­bo­gy-2023/24-iň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki to­par­ça­la­ýyn bäs­le­şi­gi şu ýy­lyň 20-nji sent­ýab­ry bi­len 14-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­ler.