“Marsel” topary bilen şertnamasy tamamlanan tejribeli futbolçy Dimitri Paýet başga bir yklyma geçdi. 36 ýaşyndaky fransiýaly futbolçy Braziliýanyň “Wasko de Gama” toparyna transfer boldy. Paýet brazili kluby bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ýyldyz oýunçy müňlerçe janköýer uly şowhun bilen garşy aldy. Ol täze klubunda 10-njy belgide oýnar. Paýet karýerasy boýunça ýurdunyň “Ekselsior”, “Nant”, “Sent-Etien”, “Marsel”, “West Ham” we ýene-de “Marsel” klublarynda oýnady. Onuň klublarda 703 oýunda 154 goly bar. Paýet Fransiýanyň ýygyndysynda-da 38 oýunda 8 gol geçirdi.