Niderlandlaryň PSW topary “La Liganyň” çempiony “Barselonanyň” amerikaly oýunçysy Serjinio Desti transfer etdi. Eýndowenliler 22 ýaşyndaky çep gyraky goragçy bilen 1 ýyllyk kärendesine ylalaşyk gazandylar. Geljek tomusda PSW Desti “Barselona” 10 million ýewro berip, ymykly transfer hem edip biler.

“Aýaksda” futbola başlan Dest 2021-nji ýylda 21 million ýewro “Barselona” transfer bolupdy. Ol geçen möwsümde “Milanda” kärendesine çykyş etdi. Dest “Barselonada” 72, “Milanda” 14 oýunda meýdança çykdy.