Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky «Guw­ly­duz» kär­ha­na­syn­da çy­ka­ryl­ýan na­har we teh­ni­ki duz­lar ata Wa­ta­ny­my­zyň esa­sy te­bi­gy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­sy ha­sap­lan­ýan bu kär­ha­na­da Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň ge­çen ýan­war — iýul aý­la­ryn­da je­mi ga­zy­lyp al­nan du­zuň umu­my möç­be­ri 57,5 müň ton­na­dan geç­di. Bu gör­ke­zi­ji şu ýy­lyň ýe­di aýy üçin göz öňün­de tu­tu­lan tab­şy­ry­gyň 104 gö­te­rim­den hem köp ber­jaý edi­len­di­gin­den ha­bar ber­ýär.
Çig mal gor­la­ry­nyň muk­da­ry 40 mil­li­on ton­na­dan geç­ýän kär­ha­na­da na­har du­zu­ny ýo­ka­ry hil ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ýod­laş­dyr­mak se­bit­de bi­rin­ji, dün­ýä­de bol­sa dör­dün­ji bo­lup yg­ty­bar­ly ýo­la go­ýul­dy. Mu­nuň özi ber­ka­rar Di­ýa­ry­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­nyň äh­li zat­dan ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­na, bu der­wa­ýys işiň dün­ýä nus­ga­lyk de­re­je­de ýo­la goý­lan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär.
Kär­ha­na­nyň yk­dy­sa­dy we mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy bal­kan­ly duz­çu­la­ryň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň gi­re­wi­dir. Gür­rü­ňi edil­ýän dö­wür­de olar bu mu­kad­des önü­mi ýö­ri­te gap­la­ra gap­la­mak ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­la­ry­ny hem 133 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň höt­de­sin­den gel­di­ler. Bu ba­ra­da “Türk­me­nis­tan” ga­ze­tin­de ýaz­ýar.