7-31-nji awgust aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki edarasynda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-njy mejlisi geçirilýär.
Şu ýylyň 21-22-nji awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalan mejlisiň işine gatnaşýar.
Mejlisiň birinji gününiň dowamynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly birnäçe meseleler öňe sürüldi.
Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen jemgyýetinde syýasy, ykdysady, hukuk we medeni-durmuş ugurlary boýunça bar bolan oňyn üýtgeşmeler barada giňişleýin maglumat berdi.
Şeýle hem, çykyşlaryň dowamynda türkmen tarapynyň jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygy we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek, jyns, taýpa, millet ýa-da etniki gelip çykyşyna esaslanýan çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň öňüni almak ugrunda degişli işleri alyp barýandygy barada bellenilip geçildi.
Jynsy taýdan kemsitmeleri ýok etmek meselesinde Türkmenistanyň Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň ýörelgelerinden, Durban Jarnamasyndan hem-de Hereketleriň Maksatnamasyndan ugur alýandygy bellenildi. Milli derejede bu ýörelgeleriň kanunçylygy kämilleşdirmekde hem, hukuk goraýjy tejribäni durmuşa geçirmekde hem goldanýandygy we göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.