Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryna nazar aýlanyňda, demokratik ýörelgeleriň, hukuk binýadyň tapgyrlaýyn kämilleşdirilendigine, halkymyzyň bähbitlerini öň hatarda goýýan hukuk goraglylygynyň emele getirilendigine göz ýetirýärsiň. Döwlet Garaşsyzlygy, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlige hem-de adalatlylyga ýugrulan ýörelgeleri esas alnyp, häzirki zaman dünýäsinde demokratiýalaşmagyň nusgalyk ýoluny emele getirmek üçin Türkmenistan Konstitusion kanunyny kämilleşdirmekde we bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgelerinden ugur almakda önjeýli işleri amala aşyrdy. Bu ýagdaý Esasy Kanunymyzda özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Oňa girizilen maddalarda, ilki bilen, adamyň, raýatyň hukuklary kepillendirilip, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslary berkidildi. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýan Konstitusiýamyzda döwleti, jemgyýeti dolandyrmagyň ähli ugurlarynda ynsan hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 18-nji iýulda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Mejlisde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň we hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy döwleti dolandyrmakda halkymyzyň garaýyşlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Munuň özi Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän döwletli tutumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Halk demokratiýasynyň gözbaşynda duran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garaljak meseleler babatda il-günümize, halkymyza sala salynmagy, agzybirligiň, jebisligiň, birek-birege ynamyň pederlerden galan nusgasydyr. Halk Maslahaty türkmen halkynyň milli demokratiýasynyň özboluşly ýörelgesidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy bizi geljekki zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy, öňümizde täze wezipeleri goýdy. Biz Gahryman Arkadagymyzyň berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, halkymyzyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip, döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmakda tutanýerli zähmet çekeris.
Mähri Jommyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň agzasy.