Angliýanyň “Premier Ligasynda” möwsümiň 3-nji tapgyry “Çelsi”–“Luton Tawn” duşuşygy bilen başlady. “Stamford Bridge” stadionynda oýnalan duşuşykda ýer eýeleri 3-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, möwsümdäki ilkinji 3 utugyny aldy. Londonlylara ýeňiş getiren gollary 2-sini Rahim Sterling (17, 69), beýlekisini-de onuň pasyndan soň Nikolas Jekson (75) geçirdi. Sterlingiň geçiren 2 golunyň pasyny-da ýaş oýunçy Malo Gýusto berdi. Çempionatda 17 oýundan soň ýeňiş gazanan “Çelsi” Poçettinonyň tälimçiliginde ilkinji gezek üstün çykmagy başardy.