Saud Arabystanynyň çempionaty “Saudi Pro Ligada” super ýyldyz Kristiano Ronaldo gol geçirmegini dowam edýär. 4-nji tapgyryň çäginde “Al Nassr” öz meýdançasynda “Al Şabab” toparyny kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen duşuşykda “Al Nassr” 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda gollaryň 3-si penaltiden geçirilip, şolaryň 2-sini 13-nji we 38-nji minutlarda Kristiano Ronaldo geçirdi. Beýleki gollary-da 40-nji minutda Ronaldonyň pasyndan soň Sadio Mane hem-de 80-nji minutda S. Al-Gannam öz atlaryna ýazdyrdy.

Mundan öňki tapgyrda-da het-trik eden Ronaldo 5 gol bilen iň köp gol geçirenleriň sanawynda 1-nji orny eýeleýär. “Al Nassr” topary-da ilkinji 4 duşuşykdan soň 6 utuk toplap, 6-njy basgançakda barýar.