Elektroulaglary öndürýän kompaniýalaryň sany we kysymlary artýan hem bolsa, diňe bu ugurda iş alyp barýan «Tesla» öňdeligi eýelemegini dowam etdirýär. Hytaýyň «Xpeng» kompaniýasynyň bolsa bu ugurda öňdeligi eýelemegine garaşylýar. Kompaniýa elektroulag öndürýän «Didi» atly başga bir kompaniýany 774 million dollara satyn aldy. Mundan soňra «Didi» elektroulaglarynyň «Mona» ady bilen müşderilere ýetirilmegine garaşylýar. «Didi» we «Xpeng» kompaniýalary «akylly» elektroulaglaryň we olara degişli tehnologiýalaryň global derejesinde ulanylyşyny artdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyk ederler. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Didi» elektroulaglary «Xpeng» kompaniýasyna degişli model hökmünde satuwa çykarylar. Şeýle hem hyzmatdaşlyk marketing, maliýe, zarýad infrastrukturasy we dünýä bazaryna çykarylmagy ýaly awtoulagyň öndürilmeginden müşderileriň ulanmagyna çenli ähli ugry öz içine alýar. Ylalaşygyň çäklerinde geljek ýyl «Xpeng» ilkinji modelini satuwa çykarar. Ulagyň bahasynyň 20 müň dollar boljakdygy habar berildi.
«Xpeng» önümçiligini artdyrmak üçin öňden bäri beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Mundan ozal kompaniýanyň işläp taýýarlan tehnologiýasynyň «Volkswagen»-iň indi çykjak iki modelinden ulanyljakdygy mälim edilipdi.
Häzirki wagtda «Xpeng» elektroulag önümçiliginde öňdäki orunlary eýelemeýär. Täze gazanylan ylalaşyk bilen önümçiligiň görnetin artmagyna garaşylýar.
Jennet ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.