Angliýa bilen Daniýany suwuň astyndan birikdirjek elektrik geçirijisi düşeldi. Kabel dünýäniň suwasty we gury ýerdäki iň uzyn elektrik geçirijisi hökmünde rekord goýdy. Taslamany durmuşa geçirmek üçin Angliýanyň «National Grid» we Daniýanyň «Energinet» kompaniýalarynyň arasynda umumy bahasy 1,7 milliard funt sterling bolan hyzmatdaşlyk edilipdir. Taslamanyň çäklerinde öndürilen «Viking Link» atly kabeliň ýylyň ahyrynda ulanylyp başlanjakdygy mälim edildi. «Viking Link»-iň dizaýnyny, önümçiligini we oturdylmagyny Italiýanyň «Prysmian Group» kompaniýasy öz üstüne aldy. Kompaniýa bu geçirijiniň gury ýerdäki we suwuň astyndaky bölekleriniň gurlandygyny we synagdan geçirilendigini mälim etdi. Kabeliň düşelmegine Daniýanyň NKT kompaniýasy hem goldaw beripdir.
Iri taslamanyň esasy bölegi bolan kabel Napoli şäheriniň golaýyndaky zawodda öndürilipdir. Kabeli düşemek üçin «Leonardo da Vinci» hem-de «Cable Enterprise» atly ýörite gämilerden peýdalanylypdyr.
Umumy uzynlygy 765 kilometre barabar bolan kabel geçiriji ýokary woltly elektrik energiýasyny geçirýär. Kabel mis, polat, kagyz we plastikden öndürilip, her metriniň agramy 40 kilograma ýetýär. Geçiriji Daniýanyň kenaryndan başlap, Germaniýanyň we Niderlandlaryň kenaryndan geçip, Angliýanyň Linkolnşir sebitine baryp ýetýär. Kabel arkaly arassa çeşmelerden öndürilen 1,4 gigawat elektrik energiýasy Angliýa iberiler. Bu görkeziji ortaça 1,4 million öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder.
Meýlis GARADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.