Dün­ýä bel­li rok to­pa­ry “Queen”-iň so­lis­ti Fred­di Mer­ku­ri­niň meş­hur aý­dy­my “Bo­he­mi­an Rhap­so­dy”-niň sa­zy­ny ýaz­mak­da ula­nan pia­ni­no­sy auk­si­on­da 2,2 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi ba­ha­dan sa­tyl­dy. “Sot­he­by’s” auk­si­on öýü­niň gu­ran söw­da­syn­da meş­hur sa­zan­da­nyň kö­ne dos­ty we mi­ras­dü­şe­ri Me­ri Os­tin onuň 1500-e go­laý gym­mat­ly zat­la­ryn­dan yba­rat kol­lek­si­ýa­sy­ny Lon­don­da sa­tu­wa hö­dür­le­di. Ola­ryň ara­syn­da iň gym­ma­da sa­ty­la­ny bo­lan pia­ni­no­ny Mer­ku­ri 1975-nji ýyl­da sa­tyn alyp­dyr. “Ya­ma­ha G2” mo­del pia­ni­no bi­len bir ha­tar­da “Bo­he­mi­an Rhap­so­dy”-niň gol­ýaz­ma nus­ga­sy hem 1,7 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Sa­tu­wa çy­ka­ry­lan zat­la­ryň ara­syn­da Mer­ku­ri­niň eli bi­len ýa­zan goş­gu­la­ry, sah­na­da ge­ýen egin-eşik­le­ri, saz gu­ral­la­ry we şah­sy zat­la­ry bar. Mun­dan ozal sa­tuw­dan je­mi 6 mil­li­on funt ster­ling gir­de­jä ga­ra­şyl­ýan­dy­gy we bir bö­le­gi­niň ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­la­ry­na be­ril­jek­di­gi mä­lim edi­lip­di.
Ha­ky­ky ady Far­roh Bul­sa­ra bo­lan Mer­ku­ri 1946-njy ýyl­da Zan­zi­bar ada­syn­da dün­ýä in­ýär. 1970-nji ýyl­da Bra­ýan Meý we Ro­jer Teý­lor bi­len “Queen” to­pa­ry­ny dö­red­ýär. To­par dün­ýä­de 300 mil­li­on­dan gow­rak al­bom sat­ýar. Mer­ku­ri 1991-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar.