Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagynda duşuşyklara badalga berildi. Braziliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Boliwiýanyň ýygyndysy 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda sambaçylaryň gollarynyň 2-sini Rodrigo (24, 53), 2-sini Neýmar (61, 90+3), ýene birini-de Rafinýa (47) öz atlaryna ýazdyrdylar. Boliwiýanyň ýeke-täk goluny-da 78-nji minutda Abrego geçirdi.

Duşuşykda 2 gol geçiren Neýmar Junior milli ýygyndydaky gollarynyň sany boýunça futbolyň şasy Peleden (77 gol) öňe saýlandy. Pele 91 oýunda, Neýmar 125 oýunda bu görkezijilere ýetdi.

Şeýle, Braziliýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda 35 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Bu görkeziji iň ýokary 2-nji netijedir. Ispaniýanyň ýygyndysy 66, Germaniýanyň ýygyndysy 36 oýunlap, ýeňilmän bu ugurda öňdäki 2 orny eýeleýärler.

Saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşyklarynyň çäginde Urugwaý öz meýdançasynda Çilini 3-1 hasabynda ýeňdi. Urugwaýyň gollarynyň 2-sini De La Kruz (38, 71) bilen onuň pasyndan soň Walwerde (45+2) geçirdi. Çiliniň adyndanam ýeke-täk goly Arturo Widal (74) derwezä girizdi.

Günorta Amerikada saýlama tapgyrynda 2-nji duşuşyklar 12-nji sentýabrda oýnalar. Şol Argentina myhmançylykda Boliwiýa bilen, Braziliýa bolsa Peru bilen duşuşar.