Her ýy­lyň 11-nji ýa-da 12-nji sent­ýab­ryn­da Efio­pi­ýa­da tä­ze ýy­la ga­dam ba­syl­ýar. Özü­ne mah­sus se­ne­na­ma­sy we sa­gat gu­şak­ly­gy bo­lan ­ýurtda şu gün 2016-nji ýy­lyň il­kin­ji gü­ni. Tä­ze ýy­lyň bi­rin­ji gü­nü­ne “en­ku­ta­taş” di­ýil­ýär. Tä­ze ýy­lyň il­kin­ji gü­ni ýa­gynly möw­sü­miň ta­mam­la­nyp, ha­syl möw­sü­mi­niň baş­lanýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Ýurt­da mi­la­dy se­ne­na­ma­dan 7 ýyl 8 aý tö­we­re­gi yz­da bar­ýan Gün se­ne­na­ma­sy ula­nyl­ýar. Bu se­ne­na­ma di­ni se­ne­na­ma bol­mak bi­len äh­li res­mi iş­ler­de hem ula­nyl­ýar. Efio­pi­ýa­da sa­gat ul­ga­my hem baş­ga­ça. Gün sa­gat 00:00-da däl-de, 06:00-da baş­la­ýar. Bir gün 12 sa­gat­lyk iki bö­lek­den yba­rat. Şeý­le­lik­de, gi­je-gün­di­ziň bi­rin­ji ýa­ry­my 06:00-da, ikin­ji ýa­ry­my 18:00-da baş­la­ýar. Se­ne­na­ma 30 gün­lük 12 aý­dan yba­rat bo­lup, ýy­lyň ga­lan 5 ýa-da 6 gü­ni 13-nji aý ha­sap­lan­ýar.