Häzirki wagtda berkarar Diýarymyzyň islendik künjegine barsaň amala aşyrylýan toplumlaýyn gurluşyklarda gözüň eglenýär. Watanymyzyň mukaddes topragy, gözel sähralary, deňzi-derýasy, dagy-deresi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uly özgertmelere, bereket çeşmesine beslendi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryndan bina bolan Arkadag şäheri berkarar türkmen döwletiniň okgunly ösüşleriniň, beýik özgertmeleriniň şäheridir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy ähli halkymyzyň milli buýsanjyny artdyran taryhy waka boldy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň öň ýanynda «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitap neşir edilip, halkymyza gowuşdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen bu kitaby okanymyzda, Arkadag şäherine bolan buýsanjymyz has-da artýar.
Arkadag şäheriniň «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurulmagy, bu ajaýyp şäheriň kämillik derejesiniň ýokarydygynyň aýdyň mysalydyr. Arkadag şäherinde bina edilen desgalar dünýäniň iň kämil innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Munuň özi, bu ýerde halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebaplaşdyrmakda, raýatlaryň bagtly durmuşyny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşamak, işlemek, döretmek, okamak üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi, täze şäheriň ýaşaýjylarynyň netijeli işlemekleri we rahat durmuşda ýaşamaklary hakyndaky aladalaryň aýdyň netijesidir.
Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri, hakykatdan-da, akylyňy haýran edýän täsin şäher. Köpetdagyň eteginde bina edilen «akylly» şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlygyň, geljegiň, bagtyýarlygyň mekanydyr. Şäheriň ak mermerli binalary, gözel desgalary, aýna ýaly tekiz ýollary, dürli görnüşli baglary özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Iň esasy hem, onda adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilendigidir hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalaryň olaryň hyzmatyna berlendigidir. Arkadag şäherinde «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modellerinde işleýän binýatlaýyn beketleriň köp sanly toplumy ornaşdyrylyp, ulanmaga berildi, edara we hususy müşderilere niýetlenen GPON ulgamy we goşmaça giňeltmäge mümkinçiligi bolan 235 teleýaýlymy bolan IP telewideniýe ulgamy gurnaldy.
«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde öňdebaryjy sanly çözgütleri we kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamyndaky innowasiýalary jemlenýär. «Akylly» öýlerde «LoRaWAN» (Long range wide area network, Uzak aralykdan giň meýdan tory) enjamlary bolup, bular yşyklandyryş we ýyladyş enjamlaryny dolandyrmak we olara gözegçilik etmek üçin hyzmat edýär. Bu tehnologiýa öý eýelerine enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmaga hem-de energiýany tygşytlamaga ýardam berýär. Elektron hyzmatlaryň döwlet portalynda Arkadag şäheriniň «penjiresi» döredildi. Onuň kömegi bilen ýaşaýjylar sanly ulgam arkaly aragatnaşyk we jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemäge, jemgyýetçilik ulagyna petekleri satyn almaga, lukmanyň kabul edişligine ýazylmaga, onlaýn satyn almalary amala aşyrmaga mümkinçilik alarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwürmek, halkymyzy eşretli günlerde ýaşatmak ugrunda beýik, döwletli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, ata Watanymyz ösüşli ýollarda mundan beýläk-de gülläp össün!
Behişt OJAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.