15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Araly halas etmegiň halkara gaznasy 1993-nji ýylyň ýanwarynda döredildi. Şondan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ol Aral heläkçiliginiň ýetiren ekologik, durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwer meselelerini çözmek boýunça oňyn döwletara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdança öwrüldi. Şol döwrüň içinde iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi. Sebäbi bu mesele toplumlaýyn çemeleşmeleri talap edýär. 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna synçy derejesini bermek barada Kararnamany kabul etmegi Aralyň dünýä derejeli häsiýete eýedigini hem-de ony tizden-tiz ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklan taryhy ähmiýetli waka boldy.
Duşenbe şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Kasri Millat» köşgünde geçirilen ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler, şeýle hem duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew synçy hökmünde gatnaşýar.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýokary derejeli duşuşygy açyp, mejlise gatnaşyjylary ýene bir gezek mübärekledi we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Bu mejlis gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär. Täjigistanyň Prezidenti hemmeleri bu sene bilen gutlap, şu geçen ýyllaryň dowamynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň suw hojalyk we ekologik meseleleri çözmekde, hyzmatdaş döwletleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde möhüm orun eýeländigini kanagatlanma bilen belledi.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, myhmansöýer Täjigistanda geçirilýän şu gezekki duşuşygyň biziň gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit meselelerini bilelikde, raýdaşlyk ýagdaýynda çözmäge özara gyzyklanmanyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydygyny belledi.
Şu günki waka Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi şu ýyl biz bu gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmeleri bu şanly sene bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda hut Araly halas etmegiň halkara gaznasy Aral deňziniň guramagy zerarly emele gelen ekologik, durmuş-ykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, dialog we hyzmatdaşlyk üçin möhüm sebit meýdançasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň bu gazna üstünlikli başlyklyk edýändigini, täjik kärdeşleri tarapyndan AHHG-nyň işine goldaw bermek hem-de onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça uly işleriň bitirilendigini aýratyn belläp, gazna geljekde başlyklyk etjek Gazagystan Respublikasyna üstünlikleri arzuw etdi.
Şol döwürde gazagystanly kärdeşlerimiziň öňde goýlan wezipeleri çözmek, biziň tagallalarymyzy birleşdirmek, oňyn başlangyçlaryny goldamak we ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirýän anyk işleri bilen berkidýär.
Baryp 2012-nji ýylda Türkmenistanda howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýa tassyklanyldy. Onda Aral deňziniň meseleleri, hususan-da, Aralyň guramagy zerarly daşky gurşawa ýetýän oňaýsyz täsiri peseltmek, çölleşmä we ýeriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, Aral sebitinde arassaçylyk-epidemiologik ýagdaýy gowulandyrmak, durmuş, ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça geçirilýän çäreler öz beýanyny tapdy. 2019-njy ýylda biz, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, bu strategiýany döwrebaplaşdyrdyk, şondan soňra bolsa Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin Milli maksatnamany kabul etdik. Onda ykdysady, durmuş, ekologiýa, suw ulgamlarynda 86 taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şol bir wagtyň özünde, halkara giňişlikde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Olarda, hususan-da, Aralyň ekologiýa ýetiren zyýanlarynyň azaldylmagyna hem-de aradan aýrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryň möhümdigi, BMG-niň ulgamynyň we bu gaznanyň arasynda dialogy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, olaryň tagallalarynyň özara utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti nygtalýar. 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnamany kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn uly üns berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Bu resminamada suw meseleleri boýunça biziň döwletlerimiziň özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleriniň we düzgünleriniň berkidilmegi maksadalaýyk bolardy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.
Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Beýan edilen başlangyçlar bir bitewi maksada — biziň sebitimiziň ýurtlarynyň bähbitleriniň, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň abadançylygynyň, olaryň saglygynyň, ösüşiniň, rowaçlygynyň üpjün edilmegine esaslanýan sazlaşykly, durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Türkmenistanyň öňe süren tekliplerine düşüniljekdigine hem-de goldanyljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaga hem-de üstünlikli geçirmäge goşan uly şahsy goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň biziň umumy bähbitlerimiziň ilerledilmegine oňyn depgin berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň munuň üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.
Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň netijelerini jemlediler, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze, anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sammite gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşinde esasy orun eýeleýär, serhetüsti suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine ileri tutulýan orun bermäge, bu wajyp ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga umumy taýýarlyk beýan edildi. Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara abraýyny ýokarlandyrmak meselelerine üns berildi.
Duşenbe Beýannamasy kabul edildi
Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň kabul eden Duşenbe Beýannamasynda Aral deňziniň meselelerini çözmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri öz beýanyny tapdy. Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Täjigistan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklygynyň netijeleri hakynda Çözgüdine, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işleri hakynda Çözgüdine, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň AHHG-nyň Prezidentiniň saýlanylmagy hakynda Çözgüdine gol çekildi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon şu günki netijeli pikir alyşmanyň geljekde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin esas boljakdygyna ynam bildirip, duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikleri arzuw etdi.
Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.