Jemgyýetde adamlaryň öz arasynda aragatnaşyk saklaýşy ýaly, janly-jandarlar hem biri-biri bilen aragatnaşyk saklamak üçin dürli usullary ulanýarlar. Olar köplenç sesli habarlaşýarlar. Geçirilen barlaglarda janly-jandarlaryň seslerden başga-da içki duýgusyny beýan etmek üçin dürli hereketleri ýerine ýetirýändigi ýüze çykaryldy. Mysal üçin, atlaryň kişňäp çarpaýa galmagy, itleriň guýrugyny bulaýlamagy, horazyň ganat kakmagy…
Tebigatda biri-biri bilen aragatnaşyk saklamakda özboluşly hereketleri ýerine ýetirýän jandarlaryň biri hem durnalar hasaplanýar. Guşlaryň bu görnüşi özleriniň içki duýgusyny tans etmek arkaly beýan edýärler. Eýsem, durnalar nirede ýaşaýar? Olaryň näçeräk görnüşi barka?
Durnalar Antarktidadan we Günorta Amerikadan başga dünýäniň ähli ýerinde ýaşaýarlar. Uzyn aýakly, uzyn boýunly bu guşlaryň 15 görnüşi bar. Durnalar beýleki guşlardan boýunyň uzyn bolmagy bilen tapawutlanyp, olaryň käbiriniň boýy 2 metre ýetýär. Daşky görnüşinden geronlara we egretlere meňzeýän durnalar adatça goňur, çal ýa-da ak reňkli bolýarlar. Afrikada durnalaryň täçli, gyzyl petekeli iň owadan görnüşi hem duş gelýär. Esasan, batgalykda, suw kenarlarynda ýaşaýan bu guşlar ösümlikleriň tohumy, ownuk jandarlar we miweler bilen iýmitlenýär. Durnalaryň gurak sebitde ýaşaýan görnüşleri mör-möjekler, süýrenijiler bilen oňňut edýärler. Bu guşlar ot-çöpüň ýa-da gyrymsy agaçlaryň şahalarynda höwürtgeläp, 2 ýumurtga goýýarlar. Durnalar Gimalaý daglarynyň üstünden geçip bilmek mümkinçiligi bolan güýçli uçujylar hasaplanýar. Guşlaryň bu görnüşi 8 müň metr beýiklige galyp bilýärler. Durnalar ortaça, 20-25 ýyl ýaşaýarlar.
Näme üçin tans edýärler?
Durnalar üç sebäbe görä tans edýärler. Olaryň birinjisi jübütini tapmak üçin, ikinjisi baglanyşygy berkitmek üçin, üçünjisi eýeçiligindäki zady goramak üçin. Durna tansy baş egmek, pyrlanmak, bökmek we ganatlaryny ýaýmak ýaly dürli hereketleri öz içine alýar. Şeýle hem olar tans edýän wagty dürli sesleri çykarýarlar. Durnalar käte halkalaýyn aýlanyp hem tans edýärler. Aslynda, tans etmek durnalaryň horazlaryna mahsus bolup, munuň sebäbi mäkiýanlarynyň göwnünden turmak diýip düşündirilýär. Durnalar saýlan jübüti bilen ömürlik ýaşaýarlar.
Durna tansynyň görnüşleri
Tanyşlyk tansy durna tansynyň iň köp ýaýran görnüşi bolup, baş egmek, bökmek we ganatlary ýaýmak ýaly hereketleri öz içine alýar. Bu tans iki durnanyň biri-birini ýakyndan tanamagyna mümkinçilik berýär.
Goranyş tansy durnalaryň horazlary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bu tans beýleki durnalara özüne degişli däl çäge girmezlik, ýagny duýduryş bermek maksady bilen oýnalýar. Tans kelläni ýokary galdyrmak, ganatlary kakmak we gaty ses çykarmak ýaly hereketleri öz içine alýar.
Baýramçylyk tansy topar-topar durnalaryň arasynda ýerine ýetirilýär. Durnalar içki şatlygyny biri-biri bilen paýlaşmak üçin baýramçylyk tansyny oýnaýarlar.
Näme üçin güýzde tans edýärler?
Durnalaryň tans etmek möwsümi, esasan, güýz paslynda gabat gelýär. Bilermenleriň bellemegine görä durnalar ýaz aýlarynda ýumurtgalap, jüýjelerine ideg edýärler. Bu guşlar tomus paslynyň yssy günlerini suw kenarlarynda, tokaýlarda geçirýärler. Durnalar güýz paslynyň gelmegi bilen, ýagny howanyň salkynlaýan möwsümi bir ýere jemlenýärler. Bu guşlar güýz paslyny köpçülikleýin geçirip, baýramçylyk tanslaryny ýerine ýetirýärler. Durnalaryň baýramçylyk tanslary güýz paslynyň gelmegine, gyşlamak üçin yssy ýurtlara uçup gitmäge bagyşlanýar.