Çagalar üçin ýylyň-ýylyna gyzykly güýmenjeler oýlanyp tapylýar. Şeýle gyzykly güýmenjeleriň biri bolan samokatyň gyzykly taryhy bar. XIX asyryň ahyrynda Ýewropada çagalaryň aýagyna ýeten şikesiň çalt bitmegi üçin samokatyň ilkinji nusgasy oýlanyp tapylýar. Tagtanyň her ujuna tigirçekler oturdylyp, oňa tutawaçly direg berkidilýär. Aýagulagyň bu ýönekeý görnüşini hemmeler halapdyr. Şeýlelikde, XX asyryň başlaryna häzirki samokatlara meňzeş nusga işlenip düzülýär. Öň diňe göni ýolda sürüp bolýan samokatlar, soňra aýlawly ýodalarda sürmäge mümkinçilik berýän 45 gradus öwrümli tutawaç bilen kämilleşdirilýär. Samokatyň tutawajyny saga, çepe ýa-da özüňe çekmek arkaly aýlawlary ýerine ýetirip bolýar. Şeýle hem öňler sürüp barýan wagtyň saklanmakda kynçylyk ýüze çykan bolsa, soňky ýyllarda arka tarapyndaky tigirçegiň üstünden basýan togtadyjy ornaşdyrylýar. Ilkibaşda çagalara niýetlenilip taýýarlanan samokatlaryň soňlugy bilen ululara niýetlenen görnüşleri peýda bolýar. 1930-njy ýyllarda ulagyň bu görnüşi köpçülikleýin öndürilip, ýangyç tygşytlamak maksady bilen ulanyşa goýberilýär. Ilkibaşda motorly görnüşleriniň meşhur bolandygyna garamazdan, soňra samokatyň aýak bilen herekete getirilýän nusgasy ýörgünli bolýar. Samokatlaryň önümçiligi 1940-1950-nji ýyllarda has-da artýar. 1974-nji ýylda «Patmont Motor Werks» kompaniýasynyň wekili Stiw Patmont elektrik togy bilen ýöreýän «Go-Ped» samokaty oýlap tapýar we patent alýar. Elektrik energiýaly samokatlar iň köp satyn alnan ulag serişdeleriniň biri bolýar. 1998-nji ýylda üç tigirli samokatlar peýda bolýar. 2000-nji ýyllarda samokat önümçiliginde birnäçe bäsdeşler ýüze çykyp, bir million samokat satylýar. Şol ýylda samokat öndürijileriň köpelmegi bilen, bu ulagyň motorly, elektrik energiýaly, dürli reňkli nusgasy işlenip düzülýär.
Samokat sürmegiň peýdasy
Bedeniň deňagramlylygyny sazlaýar. Samokat bir aýakda dik durup, beýleki aýagyň bilen herekete getirmek arkaly bedeniň çeýeligini artdyrýar.
Myşsalary ösdürýär. Samokaty herekete getirmek üçin myşsalar dartgynly ýagdaýlara sezewar bolýar. Bu myşsalaryň taplanmagy üçin uly ähmiýete eýedir.
Netije çykarmaga kömek edýär. Samokat süreniňde öwrümden, öňüňdäki päsgelçilikden nädip geçmeli diýen soraglarda ünsüň jemlenýär. Bu ýagdaý pikirlenmek ukybyny ösdürip, çalt netije çykarmaga ýardam edýär.
Dostlaryň bilen ysnyşdyrýar. Samokatda ýeke gezelenç edeniňden, köpçülik bolup aýlanmak has gyzykly bolsa gerek. Şeýle ýagdaýda gürrüňler edip, sorag-jogap alyşmak arkaly deň-duşlaryň bilen dostlaşyp, wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirip bolýar.