Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy türkmen halkynyň baky berkararlygynyň, agzybirliginiň, abadanlygynyň we sarsmaz döwletiniň toýudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe önjeýli zähmet arkaly ýurdumyzdaky gazanylan we gazanylýan ösüş-özgerişlere, ähli ugurlardaky ýetilen belent sepgitlere diňe ýurdumyzyň raýatlary däl, eýsem, daşary ýurtly dost-doganlarymyz hem guwanýar.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­yň ýur­du­my­zyň asyr­la­ra ba­ra­bar ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, hal­ka­ra de­re­je­de gün-gün­den beý­gel­ýän ab­ra­ýy, yl­my esas­da, in­no­wa­si­on tas­la­ma­la­ryň bin­ýa­dyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bar­ha kuw­wat­lan­ma­gy, ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edil­ýän mi­ze­mez ha­ky­kat­dyr. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan be­ýik iş­le­riň, döw­re­bap öz­gert­me­le­riň, ta­ry­hy wa­ka­la­ryň, dün­ýä ýaň sal­ýan hal­ka­ra äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ryň do­wam ed­ýän za­ma­na­syn­da – Ber­ka­rar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­myz bag­ty­ýar, asu­da, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ýar.
Türk­me­nis­tan mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän şert­le­rin­de dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri bi­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge, hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy bi­lim­le­ri­ni we do­lan­dy­ryş çöz­güt­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­ýär. «Türk­me­nis­ta­nyň 2020-2025-nji
ýyl­lar üçin da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­niň ösü­şi­niň mak­sat­na­ma­sy­ny», «Türk­me­nis­ta­nyň 2021-2030-njy ýyl­lar üçin da­şa­ry söw­da stra­te­gi­ýa­sy­ny» we söw­da, yk­dy­sa­dy­ýet hem-de ma­ýa go­ýum­lar ul­gam­la­ry­na de­giş­li res­mi­na­ma­lar­dan ge­lip çyk­ýan çä­re­le­ri hem-de tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ne we ila­tyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän oňyn hal­ka­ra şert­le­ri dö­ret­mek, dün­ýä­niň ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na iş­jeň gat­naş­mak, da­şa­ry yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mek, iri ma­ýa go­ýum­la­ry­ny ýur­du­my­za çek­mek ýa­ly wa­jyp we­zi­pe­ler ile­ri tu­tul­ýar.

«Türk­me­nis­tan­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­ma­gyň 2018–2024-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edi­lip, hä­zir­ki wagt­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri söw­da top­lu­myn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň tä­ze pu­dak­la­ryn­da, şol san­da ýur­du­my­zyň mi­ne­ral-çig mal baý­lyk­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti, elekt­ron se­na­ga­ty ös­dür­mek­de gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my ta­ra­pyn­dan hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da gur­lu­şyk pu­da­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň tä­ze önüm­çi­lik­le­ri­ni dö­ret­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­mak, önüm­çi­li­ge in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li çö­zül­ýär.
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, dün­ýä bi­na­gär­li­gi­niň ta­ry­hyn­da-da şan­ly wa­ka öw­rül­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len, «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy esa­syn­da, tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da dur­muş-me­de­ni we beý­le­ki dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň 336-sy gu­rul­dy.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da hem yk­dy­sa­dy ba­bat­da oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Mu­ňa şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da­ky mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler hem aý­dyň su­but­na­ma bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi 2023-nji ýy­lyň ýan­war-aw­gust aý­la­ryn­da 6,2 gö­te­rim­de sak­la­nyp gal­dy. Bö­lek ha­ryt söw­da­sy 9,6 gö­te­rim, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy 2,5 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­rin­den ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň muk­da­ry 10,9 gö­te­rim ösüş ga­za­nyl­dy. Eks­por­tyň ge­og­ra­fik çä­gi­niň hem yzy­gi­der­li gi­ňe­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň 100-den gow­rak döw­le­ti bi­len söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýar.
Türk­me­nis­tan ge­og­ra­fik ýag­daý­dan we beý­le­ki müm­kin­çi­lik­ler­den has ýer­lik­li peý­da­lan­mak bi­len, hä­zir­ki wagt­da se­bit­le­ri hem-de yk­lym­la­ry bir­leş­dir­ýän stra­te­gik äh­mi­ýet­li ýur­da öw­rül­ýär. Se­bi­ta­ra gat­naw ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän döw­le­ti­mi­ziň üs­ta­şyr kuw­wa­ta eýe bol­ma­gy mil­li we äh­lu­mu­my mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ug­ru­na öwür­mä­ge ýar­dam et­di.
Gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat, Aş­ga­bat – Türk­men­ba­şy ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni gys­ga wagt­da bir­leş­di­rer, ýo­lag­çy­lar üçin has oňaý­ly şert­le­ri dö­re­der.

Far­hat DUR­DY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.