Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde eziz Diýarymyzyň dürli sebitlerinde birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Ýokary derejeli geçirilen dabaralara şäher, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda halkymyzyň rowaçlygynyň möhüm ugry hökmünde welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine ägirt uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle giň gerimli gurluşyk işleriniň hatarynda paýtagtymyzyň «Parahat–7»
ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary netijelidigini görkezýär. Bu ýerde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy
açylyp ulanmaga berildi.
6 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 54 öýden, 4 ýaşaýyş jaýynyň hem her biri 36 öýden ybarat bolup, olar häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýän giň, ýagty otagly, iň täze hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär. Bu ýerde binalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin oýun we sport meýdançalary hem göz öňünde tutulandyr.
Şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň açylyş dabarasy boldy. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr.
Baýramçylyk mynasybetli guralan möhüm çäreleriň hatarynda Aradag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutmak dabarasy hem halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalplaryny buýsanç duýgusyna besledi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesil barada bimöçber aladasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli Gökdepe etrabynda täze, döwrebap obalaryň ikisiniň – Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalarynyň açylmagy welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Şu obalardan öý almak bagty miýesser eden ildeşlerimiziň ýüzlerçesi üç, dört hem-de bäş otagly döwrebap öýleriň eýeleri boldular. Obalaryň her biri 100 gektardan gowrak meýdanda ýerleşmek bilen, bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-sini öz içine alýar. Täze obalaryň her birinde bina edilen ýaşaýyş jaýlaryň 100-si üç otagly, 200-si dört otagly, 100-si bolsa bäş otaglydyr. Täze nusgalyk obalarda 640 orunlyk orta mekdepler, 320 orunlyk çagalar baglary, saglyk öýleri, söwda merkezleri we oba geňeşlikleriniň edara binalary bar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň şu ýylyň 21-nji sentýabryndaky kararyna laýyklykda, Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesi berildi. Mundan beýläk bu obalar, degişlilikde, «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasy» we «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasy» diýlip atlandyrylar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda döwrebap desgalaryň açylmagy möhüm ähmiýetli waka boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Şeýle hem paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş ösüşiň aýdyň ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirmäge gönükdirilendir.
Gözel AŞYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.