Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda şanly senä bagyşlanyp, ýurdumyzyň sebitlerinde täze obalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş hem-de ilata durmuş taýdan hyzmat ediş ulgamlarynyň desgalarynyň açylandygyny her birimiz bilýäris. Häzirki wagtda hem şeýle desgalaryň ençemesiniň gurluşyklary alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy Watanymyzyň iň täze taryhynyň şöhratly sahypasy bolup, her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklamak bilen, ol ýere yzygiderli baryp, işleriň gidişi bilen tanyşýar. Guralan iş saparlarynyň ýygjamlygyna üns berseň, täze şähere Milli Liderimiziň näderejede ähmiýet berýändigine göz ýetirmek bolýar.
Özboluşly tebigy aýratynlyklary, ýollaryň gyrasyna ekilen saýaly, pürli we miweli agaçlar, suw çüwdürimleri, ýanýodalarda açylyp duran al-elwan güller «akylly» şäherde howanyň arassa bolmagyna giň mümkinçilik berýär. Ak mermerli binalaryna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşaw üçin zyýansyz elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi, «akylly» öý hyzmatlaryndan peýdalanylmagy Arkadag şäheriniň ekologiýa taýdan arassadygyny alamatlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Täze şäherde ylym-bilim, medeni maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, saglyk we sport ulgamyna degişli desgalar ýerleşýär.
«Akylly» şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary «Smart-сity» konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we professor-mugallymlar düzümi üçin nazaryýet bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi. Mysal üçin, täze şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde «akylly» ulgamyny goldamak işlerini amala aşyrdylar.
Arkadag şäherinde şeýle hem ilkinji gezek täze «123» gullugy işe girizildi. Munuň özi degişli dessin gulluklary, şol sanda gaz we ýangyn howpsuzlygy, tiz kömek gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir. Şeýlelikde, «123» gullugynyň işi adatdan daşary ýagdaýlarda zerur kömegi bermäge we öňüni alyş çärelerine gönükdirilendir.
Täze döwrüň innowasion şäherinde peýdalanylýan sanly tehnologiýalar diňe bir ýaşaýjylaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly düzümleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine-de goşant goşýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy çykdajylary azaltmaga we girdejileri artdyrmaga ýardam edip, işewürlige oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ulgamyň peýdalanylmagy möhüm wezipeleri ýeňil çözmäge we serişdeleri tygşytlamaga ýardam edýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň oňyn tejribesi bu hakykaty tassyklaýar. Döwlet hyzmatlary, şäheriň ulag serişdelerini dolandyrmak, suwuň we energiýanyň ýerlikli peýdalanylyşy, bilim, saglygy goraýyş, innowasion, oba hojalygy we galyndylaryň gaýtadan işlenilişi hem «akylly» şäheriň tehnologiýalarynyň wezipeleriniň esasy ugurlarydyr.
Bägül MUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň mugallymy.