1870-nji ýylda Rim Italiýanyň paýtagty diýlip yglan edilýär. Şol döwürde bolup geçen çylşyrymly wakalar sebäpli 1861-nji ýylda esaslandyrylan Italiýa patyşalygy döredilip, onuň paýtagty ilki Turin, soňra wagtlaýyn Florensiýa saýlanýar. Italýan goşunlarynyň Rime girmegi bilen 1871-nji ýylda ýurduň paýtagty Floransiýadan Rime göçürilýär. Şol döwür şäheriň 212 müň töweregi ilaty köne şäheriň golaýynda ýaşapdyr. 1920-nji ýylda ilatyň sany 660 müňe ýetipdir. Ilatyň köp bölegi demirgazykda gadymy galanyň daşynda, Watikan sebitinde we Tiber derýasynyň golaýynda ýaşapdyr. Häzirki wagtda dünýäniň iň kiçi döwleti hasaplanýan Watikan döwleti hem şäheriň içindedigi sebäpli Rime iki paýtagt hem diýilýär. Şäheriň taryhy ýadygärlikleri, suw çüwdürimleri we muzeýleri her ýylda millionlarça syýahatçyny özüne çekýär.