Henan welaýatynyň Anýan şäherindäki Hytaý ýazuw ýadygärlikleri muzeýiniň işgärleri ýaşy 3 müň ýyldan gowrak bolan “szýaguen” atly gadymy pal atylýan süňkleriň ýüzündäki ýazgylary aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, bu işe bütin dünýäniň meýletinçi-paleografistlerini, alymlaryny we ieroglifik hatlaryň muşdaklaryny çekmeli diýen karara geldiler. Hytaýyň Merkezi telewideniýesi CCTV-niň habar bermegine görä, aýdyňlaşdyrylan her bir alamatyň sylagy 100 müň ýuandan (14,8 müň dollar töweregi) ybarat bolar. Muzeýiň beýannamasynda mälim edilmegine görä, ýene-de 50 müň ýuan bolsa, (7,4 müň dollar) jedelli ieroglifi okanlygy we onuň çak edilýän manysyny subut edenligi üçin bölünip berler. Her bir ylmy iş boýunça karar gadymy ýazuw boýunça hünärmenler komissiýasy tarapyndan kabul ediler. Şeýle hem, muzeýiň işgärleri meýletinçilere häzirki zaman tehnologiýasynyň kompýuter seljerişleri boýunça alnan öýjükli suratlary ulanmagy teklip etdi.
“Szýaguen” sözi hytaý dilinden terjime edilende, “süňküň we pyşdyl sowudynyň ýüzündäki ýazgylar” diýen manyny berip, miladydan öň, XVI-XI asyrlar bilen senelenip, Şan dinastiýasynyň döwrüne degişlidir. Hünärmenler pal atylýan närseleriň ýüzündäki ýazgylaryň şol döwrüň syýasy ýagdaýyny hem az-kem beýan edýändigini öňe sürýärler. Has ir zamanlardan bäri saklanyp galan bu pal ýazgylary Hytaý ýazgylarynyň we Gündogar Aziýanyň ýazuw ýadygärlikleriniň gadymy görnüşleri hasaplanýar. Olar 1899-njy ýylda ýüze çykarylyp, alymlar tarapyndan öwrenilip başlandy. Häzirki wagta çenli 156 müňden gowrak şunuň ýaly süňk tapylyp, alymlar olaryň ýüzünden 10 müň töweregi ieroglif ýüze çykardylar. Ýöne hünärmenler olaryň deň ýarysynyň diňe şol bir alamatlaryň dürli-dürli görnüşleridigini öňe sürýärler. Şu jähetden alymlaryň ylymda “szýaguen” ieroglifiniň bary-ýogy 4,5 müň töwereginiň bardygy hakyndaky pikirleri bir-birine gabat gelmeýär. Häzirki wagta çenli paleograflara 2,8 müňden gowrak alamaty aýdyňlaşdyrmak başartdy.