Beýik Britaniýanyň Liwerpul uniwersitetiniň dietologlary horlanmak üçin haýsy önümi iýmelidigini kesgitlediler. Olar barlag geçirip, täsirli berhiziň kadalaryny mälim etdiler. Barlagyň netijelerine görä, günde iki ýumurtga iýmegiň horlanmaga ýardam berýändigi aýan boldy. Mundan ozal, hünärmenler ýumurtganyň gandaky holesteriniň derejesini artdyrýandygyny tassyklaýardylar. Ýöne täze barlaglar bu ynamy ykrar etmedi. Onuň üstesine-de, bu önüm proteiniň bol çeşmesi bolup, onuň netijesinde gysga döwürde oňat syrata eýe bolmak mümkin.
Hünärmenler orta ýaşlaryndaky 450 adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlagdan soň, belli bir netijä geldiler. Meýletinçileri iki topara bölüpdirler we her topara berhiz iýmitini belläpdirler. Olaryň biri üç aýyň dowamynda ýumurtgasyz az kaloriýaly iýmit, ikinji topar bolsa, berhizi saklap, günde iki ýumurtga iýipdir. Netijede, iki toparyň hem gatnaşyjylary 4,5 kilogram agramdan dynyp, deň derejede horlanandygy belli bolupdyr. Şeýle hem olaryň ählisiniň gandaky holesterini pese düşüpdir. Dietologlar bu esaslanma laýyklykda, ýumurtganyň holesteriniň derejesine täsir etmeýändigini we horlanmak isleýänleriň towuk we bedene ýumurtgasyndan gaça durmazlygyny maslahat berdiler. Ýumurtga beloklaryň baý çeşmesi bolup, ol sport bilen meşgullanýanlaryň myşsalaryny tiz berkidýär.