Tä­ji­gis­ta­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ni­ýat­bek­zo­da Wa­fo bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň baş di­rek­to­ry Mäm­met­han Ça­ky­ýe­wiň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da Tä­ji­gis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň res­mi saý­tyn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Bu du­şu­şyk­da ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ta­rap­lar hu­su­san-da ýük gat­naw­la­ry, şeý­le hem iki ýur­duň ara­syn­da ho­wa gat­naw­la­ry­ny ýo­la goý­mak ba­bat­da pi­kir alyş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň şu ýy­lyň ma­ýyn­da Tä­ji­gis­ta­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ryn­da iki ýur­duň ara­syn­da 2023-2025-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýük aky­my­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we mul­ti­mo­dal ulag gat­na­ma­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin “Ýol kar­ta­sy­na” gol çe­ki­lip­di.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Du­şen­be şä­he­rin­de ge­çi­ri­len sam­mi­tin­de eden çy­ky­şyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ulag we lo­gis­ti­ka ba­bat­da bir­nä­çe tek­lip­le­ri öňe sü­rüp­di.