Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň kos­mos agent­li­gi Mars pla­ne­ta­sy­na yl­my-bar­lag sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ýer­de gür­rüň Gy­zyl pla­ne­ta kos­mos en­ja­my­ny ibe­rip, ol ýer­de yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mek barada barýar. Go­laý­da bu ugur­da ama­la aşy­ryl­jak tas­la­ma­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. BAE-niň Mar­sa il­kin­ji bar­lag uçu­şy­ny 2021-nji ýyl­da ama­la aşyr­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şol ýyl bu ýur­duň dö­re­di­le­ni­ne 50 ýyl dol­ýar. Bu sa­pa­ryň ýe­ne-de bir öz­bo­luş­ly ta­ra­py arap döw­le­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da kos­mos mis­si­ýa­synyň il­kin­ji gezek ama­la aşy­ryl­ýandygydyr. BAE-niň kos­mos mak­sat­na­ma­sy üçin ýur­duň döw­let ha­zy­na­syn­dan köp möç­ber­de se­riş­de goýberiler. Arap kärdeşlerine ABŞ-nyň Ko­lo­ra­do şta­ty­nyň uni­wer­si­te­ti­niň ast­ro­fi­zik­le­ri we in­že­ner­le­ri kö­mek ber­ýär.
To­pa­ryň yl­my-bar­lag­la­ry­nyň mak­sa­dy Mar­syň at­mos­fe­ra­sy­ny öw­ren­mek­den yba­rat. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mun­dan ozal­ky bar­la­gyň ne­ti­je­sin­de, bu pla­ne­ta­da-da su­wuň bar­dy­gy anyk­la­nyp­dy. Ýö­ne ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň aşa ýo­ka­ry bol­ma­gy se­bäp­li onuň bu­ga­ran­dy­gy aý­dyl­ýar. Alym­la­ry di­ňe wo­do­rod bi­len kis­lo­ro­dyň bar­dy­gy däl-de, eý­sem, ola­ryň möç­be­ri hem gy­zyk­lan­dyrýar. BAE-li alym­lar to­pa­ry hem bu ugur­da bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da bu tas­la­ma­nyň üs­tün­de 75 adam iş­le­ýär, ýa­kyn wagt­da ola­ryň sa­ny 2 es­se kö­pe­ldiler. Se­bä­bi umu­my sme­ta­da na­zar­da tu­tu­lan çyk­da­jy­lar 5,5 mil­liard dol­la­ra deň­dir.