Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Ýagşy niýet bilen adamy mertebelemek, sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere goldaw bermek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde mukaddes ýörelgä öwrülýär. Şonuň üçin ýurdumyzda sahawatly işleri amala aşyrýan raýatlary sylaglamak üçin «Arkadag» medaly döredildi.
Şeýle ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanan ilkinji ynsan Arkadagly Gahryman Serdarymyz boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga milli däplerimiz esasynda alyp barýan sahawatly işleri üçin mynasyp boldy. «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, adam bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende götermek, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny wagyz etmek, bitiren hyzmatlaryna sarpa goýmak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak babatda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.
«Arkadag» medaly bilen döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp, doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde görnükli işleri bitiren, durmuş çygryny ösdürmäge, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik guramalarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmäge, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermäge, meýletinçilik hereketini ösdürmäge uly goşant goşan, eneligiň we çagalygyň bähbitleriniň üpjün edilmeginde, enäniňdir çaganyň abraýynyň, mertebesiniň goralmagynda, jemgyýetde çagalara mähirli garaýşyň kemala gelmeginde işleri bitiren raýatlar sylaglanylýar.
Ýurdumyzda jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyna goýulýan hormatyň aýdyň subutnamasyna öwrülen «Arkadag» medaly daşary ýurt raýatlaryna hem gowşurylýar. Şeýle ýokary sylaga mynasyp bolanlaryň hatarynda «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk hem-de Germaniýanyň Mýunhen şäherindäki «Dritti Orden» klinikasynyň çaga ortopedi Winsent Frimberger bar. Mundan başga-da, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine, howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermekde, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işine netijeli usullary ornaşdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işine uly goşant goşan, köpýyllyk halal we ýadawsyz zähmeti bilen ilatyň saglygyny goramakda ýokary hünär ussatlygyna eýe bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesi «Arkadag» medalyna mynasyp boldy.
Arçmanberdi ÝAZYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.