Ýurdumyzda «II saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adam saglygyny goramak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde ýurdumyzda uly ösüşler gazanyldy.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Saglyk her bir adamyň iň uly baýlygydyr. Adamlaryň saglygyny goramak bolsa döwletimiziň baş aladasydyr. Çünki her bir adam hakyndaky alada, bu tutuş jemgyýet hakyndaky aladadyr. Şundan ugur alnyp, halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek, raýatlarymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ilatyň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýandygyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýene bir gezek göz ýetirdik. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu mejlisde sözlän çuňňur manyly sözünde: «…Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr» diýip nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşynda häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynyň depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň edilýändigine ünsi çekmek bilen, şu ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdeleriniň goýberilendigini, saglyk desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesiniň gönükdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirildi. Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy.
Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, oňa iň häzirki zaman gazananlarynyň, ösen tejribeleriň ornaşdyrylýandygyna Köpetdagyň eteginde döwrümiziň okgunly ösüşleriniň nyşany bolup dörän döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şäheriň birinji tapgyrynda saglygy goraýyş desgalarynyň hem ençemesi açylyp, raýatlaryň hyzmatyna berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda gol çeken Permanyna laýyklykda, her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Bu bolsa saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tutanýerli zähmetini, ilatyň sagdyn durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny has-da dabaralandyrýar. Saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekip, halkyň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş işini ösdürmekde goşant goşan ýokary hünärli lukmanlara «Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly at dakylýar.
Ýeri gelende bellesek, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri lukman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan çuň paýhasy, yhlasy siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek, eneligi we çagalygy goramak, keselleri has irki döwürde anyklamak we bejermek, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda başarjaň hünärmenleri taýýarlamak babatda amala aşyrylan beýik işler dünýä nusgalyk kämil tejribe boldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» ýaly iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň içinde keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň bellenilen tertipnama laýyklykda geçirilmeginiň netijesinde, howply ýokanç keselleriň öňüni almakda we ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edildi.
Dünýäde çaga üçin iň ygtybarly, ýokumly we bahasyna ýetip bolmajak önüm bolan ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça bellenilen 10 düzgüni üstünlikli amala aşyrýandyklary nazara alnyp, ýurdumyzyň enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatynda işleri alyp barýan ähli hassahanalary, şol sanda welaýatymyzyň «Ene mähri» merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, etrap hassahanalary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleri tarapyndan geçirilen ýörite barlaglaryň netijesinde «Çaga mähirli garaýyşly hassahana» diýen halkara derejä mynasyp boldular.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan näsag çagalaryň ýüzlerçesine degişli goldawlar berlip, paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda zerur bolan operasiýalar we bejergiler geçirilýär.
Söhbet GURBANALYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.