Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn öňe barýan ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar
Arkadag şäherindäki Akhan atly bedewiň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň gurulmagy milli binagärligi täze, üýtgeşik binagärlik merjeni bilen baýlaşdyrdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň seýislän Akhan atly bedewi 2018-nji ýylda 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçdi we bu netije Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan Akhanyň adyny göterýän ýoluň aýlawly ýerinde umumy beýikligi 31 metr bolan binanyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşykly alnyp baryldy. Bu ýerde oturdylan Akhan atly bedewiň heýkeliniň beýikligi 9 metr bolup, onuň ýüzi täze şäheriň merkezine tarap bakýar. Monumentiň töwereginde häzirki zaman suw çüwdürimi gurlar we çarpaýa galan bedewiň suw çüwdürimi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Şeýlelikde, bedew keşbi şekillendirilen desgalar milli binagärlik sungatynyň aýratyn şahasyna öwrülýär. Öz owadanlygy, ýyndamlygy bilen bütin dünýäni haýran galdyran atlaryny sarpalaýan halkymyz oba-şäherlerimize bezeg berýän bedew şekillerine-de ýeňşiň we üstünligiň nyşany, ylham joşguny hökmünde garaýar.
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny badalga berildi. Gurjak desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketini statistika hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiliginiň, elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň merkezleri bar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gurluşyk işlerini alyp bararlar. Ýokary hil derejesinde guruljak täze binalar halkymyzyň röwşen geljegine hyzmat eder.
Akmyrat Allakow, Mary welaýat PM-niň Baýramaly etrap PB-niň işgärler toparynyň uly gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.