Şu günler Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Toji Somon» halkara kinofestiwal geçirilýär. Täjigistanyň Kino gününe bagyşlanan halkara festiwala Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşýar. Bu festiwala gatnaşýan myhmanlara «Gyzyl kürte» çeper filmi görkezilýär.
Täjigistanda ilkinji gezek geçirilýän halkara kinofestiwala Türkmenistandan, Eýrandan, Belarusdan, Wengriýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Ermenistandan, Hindistandan we Hytaýdna filmleriniň 25-den gowragy gatnaşdyrylýar.
Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» çeper filmi hem bu festiwalda täjik kino muşdaklaryna görkezildi. Şeýle hem bu film halkara kinofestiwalyň çäklerindäki bäsleşige hödürlendi.
«Gyzyl kürte» filmi dünýäniň birnäçe künjeginde Medeniýet günlerinde, film festiwallarynda görkezilip, Ýer ýüzüniň kino muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp boldy.
Film Merkezi Aziýanyň Kinematografiýa sungat akademiýasy bolan «Ak Ilbirs», «Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi» baýragyna dalaşgärlige hödürlendi. 2022-nji ýylda «Gorkut ata» türk dünýäsiniň halkara kinofestiwalynda görkezildi.
Täjigistandaky kinofestiwalda iň gowy çeper film üçin Gran-Pri baýragy goýuldy. Şeýle hem «Iň gowy režissýor», «Iň gowy operator», «Iň gowy erkek keşp», «Iň gowy zenan keşp», «Iň gowy gysga metražly çeper film», eminleriň ýörite baýragy, kino muşdaklarynyň baýragy, «Kinematografiýanyň ösüşine goşan goşandy üçin» Duşanbe şäheriniň Başlygynyň ýörite baýragy ýaly baýraklar hem gowşurylar.