Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Tebigatyň gözelligi – 2030» atly surat bäsleşiginiň geçiriljekdigini yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar A3/A4 ölçegdäki kagyzlarda tebigatyň gözelligine degişli suratlar taýýarlamalydyr. Kagyzyň arka ýüzünde okuwçynyň ady, familiýasy, okaýan mekdebi, synpy we telefon belgisi görkezilmelidir. Işler Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 1-nji noýabra çenli kabul edilýär. Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesi-25.
Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň arasyna ekologiýa düşünjesini ýaýmak we medeniýetini ýokarlandyrmakdyr. Bäsleşigiň «Tebigatyň gözelligi – 2030» diýen adynda planetamyzyň geljegini ýaşlaryň göz öňüne getirişini görkezmek pikirini beýan etmäge, ösüp barýan ýaş nesliň geljegimizi durnukly we gülledip gurmaga, ony has ajaýyp etmäge, Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň ýokary derejesini we hilini, şeýle hem adamyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyny üpjün etmek üçin goşant goşmaga bolan ymtylyşyny öz içine alýar.
18-nji Ýaşlar konferensiýasynyň (COY18) we BMG konferensiýasynyň (COP-28) öňüsyrasynda, Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar forumy geçirildi. Ol BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik koordinatorynyň edarasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanalary bilen bilelikde Türkmenistan hökümeti tarapyndan ýola goýuldy. Jemleýji forumyň 3-nji noýabrda paýtagtyň «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Daşary işler ministrliginiň HGI-niň saýtynda habar berilýär.
«Tebigatyň gözelligi – 2030» atly surat bäsleşiginiň ýeňijileri howanyň üýtgemegine bagyşlanan ýaşlar forumyna gatnaşmak hukugyna eýe bolarlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.