UEFA Çempionlar Ligasynda “E” toparçada “Feýenoord” öz meýdançasynda “Lasiony” Himenesiň 2 gol geçiren oýnunda 3-1 hasabynda utdy. Myhmançylykda “Seltik” bilen duşuşan “Atletiko Madrid” 1 utuga razy boldy. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady (2-2). Ýer eýeleri şotlandlaryň gollaryny Furuhaşi (4) bilen Palma (28), ispan toparynyň gollaryny bolsa Grizmann (25) bilen Morata (53) geçirdi.

“F” toparçada tapgyryň iň esasy oýnunda “Pari Sen Žermen” Parižde “Milanyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollary 32-nji minutda Mbappe, 53-nji minutda Kolo Muani hem-de 89-njy minutda Li Kan-in derwezä girizdi. 2-nji ýeňşini gazanan PSŽ 1-nji orna beýgeldi. 2 utugy bolan “Milan” Çempionlar Ligasynda bassyr 5 duşuşykdan (geçen möwsümde 2 ýarym final duşuşygy hem bar) bäri geçirip bilenok. Ol şeýle antirekorda eýe bolan ilkinji italýan kluby hökmünde hasaba alyndy. PSŽ taryhynda resmi duşuşyklarda «Milany» ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi.

Dortmundyň “Borussiýasy” myhmançylykda “Nýukasly” Nmeçanyň 45-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda 1-0 ýeňip, Angliýadan ýeňiş bilen dolandy.