2023-nji ýylyň iň oňat oýlap tapyşlarynyň biri Italiýanyň Tehnologiýa institutynyň alymlary tarapyndan işlenip düzülen, iýip bolýan, zarýad berilýän kiçijik batareýadyr. Bu barada “Time” žurnaly habar berdi. Badam, kapers we deňiz ösümlikleri ýaly önümlerden ýasalan batareýa 2023-nji ýylyň mart aýynda “Advanced Materials” žurnalynda ýerleşdirilip, birnäçe aýyň içinde dünýäniň 250 habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Žurnalyň sanawynda emeli aň, robot tehnikasy, ekologiýa, ulag, saglyk we iýmit ýaly 22 kategoriýa bölünen 200 oýlap tapyş bar. Olaryň arasynda gartaşanlara has gowy ýöremäge ýardam berýän “akylly” hasalar, ýabany haýwanlary goramak üçin emeli aň ulgamlary, gologrammadan edilen ajaýyp haýwanat bagy, ýygyrda garşy kosmetika ýaly italiýada öndürilen önümler göze ilýär.