Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin 17–19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dürli ugurlarda has-da ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşmek bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär hem-de bu gadymy söwda ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin ähli tagallalary edýär. Şeýle-de, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli dialogy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýyň kemala gelmegine ýardam berýär. Munuň özi «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyjynyň öňbaşçysy bolan Hytaýyň hem maksatlaryna gönüden-göni laýyk gelýär. Bu babatda «Bir guşak, bir ýoly» ýokary hilli gurmak hem-de umumy ösüşe we abadançylyga bilelikde ýetmek» şygary astynda geçirilen şu gezekki wekilçilikli çäre dostlukly halklaryň, Ýewraziýa yklymynda we bütin dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine foruma gatnaşyjy ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumynyň çuňlaşdyrylmagyna goşant goşar.
2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragy goşuldy. Şol bir wagtda, bu konsepsiýa Merkezi Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýän söwda-ulag geçelgeleriniň hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine, olaryň täzeleriniň döredilmegine gönükdirilendir. Geçen 10 ýylyň dowamynda bu başlangyç dürli agza döwletleriň ösüşine ykdysady-durmuş taýdan täsirini ýetirdi, köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine, maýa goýumlaryň möçberiniň artmagyna, söwdanyň ösmegine, ulaglaryň özara baglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam etdi. Ilatyň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagynda uly orun eýeledi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara forumyna gatnaşmagy ýurdumyzyň şeýle iri halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine esasy goşant goşýan döwletleriň biri bolup durýandygyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz bu forumda çuňňur mazmunly çykyş etdi hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly ornuny tassyklady. Şunda energetika, ulag, kommunikasiýalar, ekologiýa, senagata we beýleki pudaklara «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýetde ýakynlaşmak işini çuňlaşdyrmak ýaly strategik ugurlara üns çekildi.
Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine mümkinçilik döretmek bilen, ählumumy ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge ýardam eder hem-de dünýä ösüşi üçin täze giňişligi açar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, hemme ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary jemlemek boýunça ähli taraplaryň bilelikdäki işiniň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa sebitinde «ýaşyl» ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy taryhy wakalaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky meselä ünsi çekip, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny belledi, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy kökleri barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky şertnama hukuk binýadynyň üstüniň ýene-de täze resminamalar bilen doldurylandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Muhammetmyrat MOMMAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.