Döw­let Baş­tu­ta­ny­myzyň alyp bar­ýan kö­pu­gur­ly öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de mil­li ma­na­dy­myz bi­len bag­la­ny­şyk­ly düýp­li çä­re­ler döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­dan we hal­kyň ýa­şa­ýyş bäh­bit­le­ri­ne esas­lan­mak­dan yba­rat­dyr. Ga­raş­syz, ba­ky Bitarap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan bar­ha uly ösüş­le­ri na­zar­la­ýar. 1993-nji ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň 1-ine mil­li wal­ýu­ta­nyň-ma­na­dyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi pul do­la­ny­şy­gy­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­di. Çün­ki bu çä­re bank ul­ga­my­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na we tu­tuş yk­dy­sa­dy­ýe­tiň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­me­gi­ne ne­ti­je­li ýar­dam ber­di. Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men ma­na­dy ýur­duň için­de yg­ty­bar­ly tö­leg se­riş­de­si bol­mak bi­len, yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­ga gol­daw ber­me­giň pug­ta ma­li­ýe gu­ra­ly­na öw­rül­di. Ýurt­da he­re­ket ed­ýän mil­li pu­luň dur­nuk­ly, hüm­met­li we yg­ty­bar­ly bol­ma­gy onuň yk­dy­sa­dy­ýe­te ed­ýän oňaý­ly tä­si­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we öňe ite­ri­ji güýç bo­lup çy­kyş et­mä­ge müm­kin­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar.
Mil­li ma­na­dy­myz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan, ga­raş­syz­ly­gy­my­zy, döw­let­li­li­gi­mi­zi şöh­le­len­dir­ýän öz­bo­luş­ly ny­şan­la­ryň bi­ri hök­mün­de göz öňü­miz­de jan­lan­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, mun­dan 30 ýyl öň ýur­du­myz­da ýe­ke-täk ka­nu­ny tö­leg we ha­sap­la­şyk se­riş­de­si hök­mün­de türk­men ma­na­dy do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­di. Şu ge­çen 30 ýyl­lyk ta­ry­hy ýol ýur­du­my­zyň ma­li­ýe, yk­dy­sa­dy we bank ul­gam­la­ryn­da ýe­ti­len sep­git­le­re, ga­za­ny­lan ösüş­le­re we ama­la aşy­ry­lan aja­ýyp öz­gert­me­le­re şa­ýat­lyk ed­ýär. 2009-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da mil­li ma­na­dy­my­zyň de­no­mi­na­si­ýa­sy ge­çi­ril­di. Ma­na­dyň go­rag­ly­ly­gy­ny we sa­tyn alyp bi­li­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de 2012, 2014, 2017-nji ýyl­lar­da mo­di­fi­sir­le­nen bank­not­la­ryň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zi­len­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.
Mil­li pul­lar is­len­dik bir döw­le­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi ha­sap­la­nyl­ýar. Uzak ta­ry­hy geç­mi­şe göz aý­la­sak, pul ha­ry­dyň alyş-ça­lyş gym­ma­ty­nyň ta­ry­hy ösü­şi­niň ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Dür­li dö­wür­ler­de halk­la­ryň ara­syn­da pul­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri ula­ny­lyp­dyr. Pul­la­ryň şeý­le giň­den ula­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, öý ho­ja­lyk­la­ry­nyň we döw­let­le­riň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň çä­gi has-da gi­ňäp­dir. Şu jä­het­den, wag­tyň geç­me­gi we öza­ra alyş-çal­şyň düýp­li ös­me­gi bi­len, pul dü­şün­je­si­niň üs­ti nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň bank kart­la­ry, elekt­ron pul hem-de elekt­ron gap­jyk ýa­ly za­ma­na­bap gu­ral­la­ry esa­syn­da ýe­ti­ri­lip­dir.
Hä­zir­ki dö­wür­de 2011–2030-njy ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na, 2019–2025-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na hem-de 2021–2025-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, mil­li ha­sap­la­şyk ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de bank­la­ryň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar. Bank amal­la­ry­nyň san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­me­gi di­ňe bir hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni kö­pelt­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ola­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, ha­sap­la­şyk­lar üçin sarp edil­ýän wag­ty azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bank­la­ra pu­luň do­la­ny­şy­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mä­ge hem-de de­giş­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Mil­li ma­na­dyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li bank ul­ga­my bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän yl­my iş­le­riň bäs­le­şi­gi­ne ta­lyp­la­ryň uly to­pa­ry öz­le­ri­niň yl­my iş­le­ri­ni hö­dür­le­ýär­ler. Ta­lyp­la­ryň okuw­dan da­şa­ry çä­re­le­re we bäs­le­şik­le­re iş­jeň gat­naş­ma­gy umu­my mak­sat­la­ra we we­zi­pe­le­re la­ýyk gel­ýän, has ne­ti­jeli bi­lim al­mak­la­ry­na uly müm­kin­çi­lik­le­ri be­rer.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de 2023-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da eden çy­ky­şyn­da bi­lim öz­gert­me­le­ri­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ösüp gel­ýän ýaş nes­li­mi­ziň döw­re­bap ylym-bi­lim, edep-ter­bi­ýe al­ma­gy hem-de dün­ýä de­re­je­sin­de giň göz­ýe­tim­li, ýo­ka­ry dü­şün­je­li, hä­zir­ki za­man çyl­şy­rym­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­ka­ryp bil­ýän, Wa­ta­na, hal­ka, mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­mi­ze we­pa­ly hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin taý­syz ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Ýur­du­myz­da hü­när­men­le­riň bi­lim de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ala­da esa­sy orun­da dur­ýar. Kä­mil bi­lim­li, so­wat­ly bol­mak, komp­ýu­ter­le­re hem öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra us­sat­lyk bi­len erk edip, sag­dyn hem-de ru­hu­be­lent bol­mak türk­men hü­när­men­le­ri­niň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­di.
Bi­ta­rap­ly­ga we Ga­raş­syz­ly­ga gu­wa­nyp ýa­şa­mak, ösüş­ler­den ösüş­le­re ta­rap be­dew ba­dy bi­len öňe git­mek, gel­jek­de yk­dy­sa­dy top­lum­da iş­le­jek ma­li­ýe-ho­ja­lyk hü­när­men­le­ri­ne yk­dy­sa­dy bi­lim­le­ri öw­ret­mek bi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz bo­lup dur­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de bi­lim-ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, ýaş­la­ra oka­ma­ga, ylym bi­len meş­gul­lan­ma­ga dö­re­dip ber­ýän äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Me­ret Me­re­dow, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my,
Ymam­gu­ly Re­je­pow, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.