Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Parahat” hususy kärhanasy öndürijilikli we döredijilikli zähmet çekmek bilen, ýakynda täze önümi – çaga iýmitiniň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdular. Bu önümler kiçi ýaşly çagalar üçin niýetlenilip, kärhanada häzirki wagtda süýtli mannaly şüle hem-de süýtli süleli şüle ýaly görnüşlerini öndürip başladylar. Çagalar üçin niýetlenen bu önümler tiz wagtda ýurdumyzyň söwda nokatlarynda peýda bolar.
Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhana özüne tejribeli işçi-hünärmenleriň uly toparyny jemlemek bilen, bu ýere daşary döwletleriň iň kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylandyr. Şol enjamlaryň ýeterlik iş tejribesi bilen utgaşmasy netijesinde täze ýola goýlan önümçilik şu günlerden hyrydarlygynyň ýokarydygy bilen tapawutlanýar.
Ýeri gelende bellesek, “Parahat” hususy kärhanasynda ter almadyr erikden, garalydyr armytdan, şetdalydyr üzümden ýokary hilli konsentratlar taýýarlanýar. Şol konsentratlaryň esasynda “Joş”, “Eçil” haryt nyşanly miwe şireleri, “Han” sowuk çaýlary, “Özi”, “Arma” haryt nyşanly gazly we gazsyz içgileri öndürilýär. “Däp” haryt nyşanly tomat önümleri bolsa aşhanalarda giňden ulanylýar.