29 – 30-njy okt­ýabr­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Baş-baş sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça sport top­lu­myn­da spor­tuň Ta­ek­won­do gör­nü­şi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­ni al­mak ug­run­da­ky ýa­ryş ge­çi­ril­di.
Ýa­ryş 2009-njy, 2010-njy, 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda, 2012 – 2013-nji ýyllarda doglan ça­ga­la­ryň arasynda, şeý­le hem 2014 – 2015-nji ýyl­lar­da dog­lan ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­di. Sport bäs­le­şi­gi­ne Ma­ry şä­he­ri­niň 7-nji sport mek­de­bi­niň ta­ek­won­do bo­ýun­ça tä­lim­çi mu­gal­ly­my Ka­ýum­ber­di An­na­dur­dy­ýe­wiň taý­ýar­lan ýaş tür­gen­le­ri hem gat­na­şyp üs­tün­lik­li çy­kyş et­di we olar­dan 12 sa­ny­sy baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­dy.
Spor­tuň ta­ek­won­do gör­nü­şi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­ni al­mak ug­run­da­ky bu ýa­ry­şyň 2009-njy, 2010-njy, 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasy¬da ge­çi­ri­len tap­gy­ryn­da Päl­wan Gy­lyç­ny­ýa­zow 66 ki­log­ram ag­ram­da, Se­lim Gel­di­my­ra­dow 53 ki­log­ram ag­ram­da, Sa­lyh Ka­ka­ja­now 45 ki­log­ram ag­ram­da çy­kyş edip I or­na, Ýu­nus Ka­ka­ja­now 45 ki­log­ram ag­ram­da, Päl­wan An­na­ýew 37 ki­log­ram ag­ram­da çy­kyş edip II or­na, Ba­ky Ýu­su­bow 53 ki­log­ram ag­ram­da, Me­kan Ka­ka­gel­di­ýew 37 ki­log­ram ag­ram­da, Ba­ba Döw­le­tow 35 ki­log­ram ag­ram­da, Ka­ka­jan Meý­li­sow 34 ki­log­ram ag­ram­da III or­na my­na­syp bol­du­lar.
Bu sport ýa­ry­şy­nyň 2012 – 2013-nji ýyllarda doglan ça­ga­la­ryň arasynda ge­çi­ri­len tap­gy­ryn­da Ker­wen Ata­ja­now 34 ki­log­ram ag­ram­da, Zü­leý­ha Ka­ýum­ber­di­ýe­wa 28 ki­log­ram ag­ram­da çy­kyş edip I or­na, Nä­zik Mus­ta­pa­ýe­wa 26 ki­log­ram ag­ram­da çy­kyş edip II or­na my­na­syp bol­du­lar.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Baş-baş sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len Ta­ek­won­do bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­ni al­mak ug­run­da­ky ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan türgenlere hormat hatlary, ýadygärlik medallary we sowgatlar berildi.

Ka­dyr Ju­ma­ly­ýew,
Ma­ry şä­he­ri­niň 7-nji sport mek­de­bi­niň Sam­bo bo­ýun­ça tä­lim­çi mu­gal­ly­my.