Ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hu­su­sy ul­ga­my­ny ös­dür­mek, hä­zir­ki za­ma­nyň ba­zar usul­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na onuň eýe­le­ýän or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan giň gerimli sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň öňün­de dür­li ul­gam­lar­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy­na uly se­riş­de­le­riň goý­lan­dy­gy­ny, te­le­ke­çi­le­riň bol­sa döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk ul­ga­myň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek işin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­dik­le­ri­ni, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti şert­le­rin­de hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň işi­ni ös­dür­mä­ge we hö­wes­len­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­ýär. Häzir yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ba­zar gat­na­şyk­la­ry ýö­rel­ge­le­rin­de ýo­la goý­ýan ýur­du­myz­da halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň bu ul­ga­my­ny ne­ti­je­li hem-de dep­gin­li ös­dür­mek üçin amat­ly hu­kuk, yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe, dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di. Mu­nuň özi te­le­ke­çi­li­giň, sal­gyt ul­ga­my­nyň hu­kuk esas­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gin­de, eks­port-im­port amal­la­ry­ny ge­çir­me­giň, ýer bö­lek­le­ri­ni ber­mek düz­gü­ni­niň ýö­ne­keý­leş­di­ril­me­gin­de, ýe­ňil­lik­li karz ber­mek­de we te­le­ke­çi­ler üçin karz, güm­rük hem-de söw­da amal­la­ry­ny res­mi­leş­dir­mek iş­le­ri­niň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gin­de be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň möç­be­ri­ni kö­pelt­mek, elekt­ron se­na­ga­ty dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­lar ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na TSTB-niň ag­za­la­ry my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu gu­ra­ma­nyň dö­re­di­len gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, her ýyl ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ýat­lap geç­mek ge­rek.
Te­le­ke­çi­ler söw­da­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär­ler we öň­le­rin­de goý­lan mak­sa­da ýet­mä­ge ym­tyl­ýar­lar.
Baky Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň çäk­le­rin­de Di­ýa­ry­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ne da­şa­ry ýurt­la­ryň işe­wür­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň syn­çy de­re­je­si­niň bol­ma­gy ýurt­da önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mä­ge, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri art­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge we hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na has iş­jeň go­şu­lyş­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň öňün­de tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­gam­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen çä­re­le­ri, şol san­da iri döw­let bu­ýur­ma­la­ry­ny hem-de ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly tä­ze we­zi­pe­ler dur­ýar.
Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­li­gi­niň gel­jek üçin uly mak­sat­la­ry bar. Ne­ti­je­li döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan we he­mi­şe kä­mil­leş­di­ril­ýän usul­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiziň kes­git­län mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek işi öň­de dur­ýar. Şol usul­lar ola­ry üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Ýur­du­myz­da söw­da ul­ga­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi, döw­re­bap ba­zar gu­ral­la­ry­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ha­sa­by­na hu­su­sy ul­ga­myň eýe­le­ýän or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Te­le­ke­çi­ler hyz­mat ediş ul­ga­my­nyň we söw­da­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­ýar­lar, ila­ta giň ge­rim­li dur­muş, ma­ha­bat hem-de ne­şir­ýat hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär­ler.
Bi­ziň «Ga­lam» dü­ka­ny­myz hem in­di bir­nä­çe ýyl bä­ri kan­sel­ýa­ri­ýa ha­ryt­la­ry, okuw es­bap­la­ry, baý­ram­çy­lyk­lar we bel­li se­ne­ler, Tä­ze ýyl baý­ra­my üçin sow­gat­lyk­lar sa­tyl­ýan iň uly dü­kan­la­ryň bi­ri bo­lup, ila­ty­my­za ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat edip gel­ýär hem-de ýyl-ýyl­dan öz işi­ni kä­mil­leş­di­rip, hyz­mat­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär.
Hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­me­gi netijesinde ýurdumyzyň te­le­ke­çi­li­gi önüm­çi­lik we önüm­çi­lik däl ul­gam­lar­da, eks­port ba­bat­da, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ryň önüm­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek­de oňaý­ly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir.

Baý­ram Öwl­ýa­gu­ly­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty, te­le­ke­çi.