Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, bu ýer­de tä­ze ener­ge­ti­ka we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň ulan­ma­ga be­ril­me­gi hem-de düý­bü­niň tu­tul­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze ener­ge­ti­ka des­ga­sy­nyň – Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da gu­rul­jak kuw­wat­ly­ly­gy 1574 me­ga­wat­ta deň bo­lan ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­jek elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň düý­bü­niň tu­tul­ýan ýe­ri­ne bar­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­den san­ly ul­gam ar­ka­ly «Ma­ry — Ahal» as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­ni ulan­ma­ga ber­mä­ge we ýur­du­my­zyň bi­te­wi elekt­rik ul­ga­my­na bi­rik­dir­mä­ge ak pa­ta ber­di. Ma­ry we Ahal döw­let elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri düw­mä­ni bas­mak bi­len tä­ze as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­ni ulan­ma­ga ber­di­ler.
Soň­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly gö­ni ara­gat­na­şyk­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da iki sa­ny tä­ze gaz tur­bi­na­ly ener­gi­ýa blok­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na hem-de he­re­ket ed­ýän elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na ba­dal­ga ber­di.
Soň­ra da­ba­ra­lar Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Guw­ly­ma­ýak şä­her­çe­sin­de do­wam et­di. Bu ýer­de «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri üçin ni­ýet­le­nen de­giş­li dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry özün­de jem­le­ýän iri ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň düý­bi tu­tul­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça iş­le­riň baş­lan­ma­gy­na ak pa­ta ber­di we ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da gel­jek­ki top­lu­myň bin­ýa­dy­na pil bi­len il­kin­ji be­ton ga­ryn­dy­sy guý­dy.
Soň­ra Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz kuw­wa­ty 1574 me­ga­watt bo­lan tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na ak pa­ta ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze ener­ge­ti­ka des­ga­sy­nyň düý­bü­niň tu­tul­ýan ýe­ri­ne gel­di we ýag­şy iş­le­re we baş­lan­gyç­la­ra ak pa­ta ber­mek ýa­ly hal­ky­my­zyň ne­sil­den nes­le ge­çi­rip, do­wa­mat ta­pan asyl­ly däp-des­sur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze des­ga­nyň bin­ýa­dy­na ýa­dy­gär­lik ýaz­gy­ly gu­tu­jy­gy ok­la­dy we hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar bi­len bi­le­lik­de gel­jek­ki elekt­rik stan­si­ýa­nyň bin­ýa­dy­na il­kin­ji be­ton ga­ryn­dy­sy­ny gu­ýup, onuň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­di. Bu ýer­de dün­ýä bel­li ön­dü­ri­ji­le­riň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýan ABŞ-nyň «Ge­ne­ral Electric» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň te­bi­gy «ma­wy ýan­gyç­da» iş­le­jek 4 sa­ny gaz tur­bi­na­sy we 2 sa­ny bug tur­bi­na­sy otur­dy­lar.