Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň sammitdäki çykyşy Türkmenistanyň bu guramanyň çägindäki özara gatnaşyklarda ileri tutýan ugurlaryny öz içine aldy.
«Akorda» köşgünde geçirilen ýokary derejeli duşuşygy açyp, ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlaryna we beýleki hasabatlara orun berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda bu ýokary derejeli duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine we bu babatda täze wezipeleri kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary barada durup geçdi. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamyna oňaýsyz täsir edýän çylşyrymly hadysalardan baş alyp çykmak üçin döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň, emele gelen syýasy ýagdaýlara oýlanyşykly baha bermegiň, zerur bolan çözgütleri kabul etmegiň wajypdygyny belledi. Şol sebäpli, halkara hukuk kadalaryna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, ýüze çykýan howplara garşy göreşmegiň netijeli gurallaryny döretmek, bilelikdäki hereketleri ýola goýmak, anyk çemeleşmeleridir meýilnamalary işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Ýubileý sammitde eden çykyşynda Milli Liderimiz halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek, guramanyň çäginde söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, üstaşyr gatnawlary işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçiliklerini ulanmak, türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä, geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak meselesinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamak, Türki döwletleriň bilelikdäki Medeniýet gününi guramak, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, öňdebaryjy ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmek bilen bagly teklipleri beýan etdi.