Ozal­ky çy­ka­ran al­bom­la­ry­ny “1989 (Tay­lor’s Ver­si­on)” ady bi­len gaý­ta­dan ýaý­ra­dan meş­hur aý­dym­çy Teý­lor Swift öz re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Al­bom iň köp diň­le­nen aý­dym­la­ryň sa­na­wyn­da ýo­kar­ky bas­gan­ça­gy eýe­le­di. Il­kin­ji nus­ga­sy 2014-nji ýyl­da çy­kan al­bom tä­ze­den ýaz­gy edi­lip­dir. 27-nji okt­ýabr­da ýaý­ra­dy­lan al­bom­da “Blank Space”, “Sty­le”, “Out of the Woods”, “Bad Blood” we “Sha­ke it Off” ýa­ly aý­dym­lar bar. At hök­mün­de Swif­tiň dog­lan ýy­ly bo­lan “1989” goý­lan al­bom “Gram­my”-niň Iň go­wy al­bom baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy.
“1989 (Tay­lor’s Ver­si­on)” al­bo­my diň­leý­ji­le­re ýe­ti­ri­len il­kin­ji hep­de­sin­de “Bill­board Top 200” sa­na­wyn­da 1-nji or­na çy­kyp­dy. Şeý­le­lik­de aý­dym­çy sa­naw­da 13-nji ge­zek bi­rin­ji bol­dy.
Şeý­le hem bu al­bo­my iň­lis aý­dym­çy­sy Ade­le­niň “25” al­bo­myn­dan soň­ra bir hep­de­de iň köp sa­ty­lan al­bom bol­dy.
Aý­dym­çy­nyň bu al­bo­my öz kar­ýe­ra­syn­da­ky iň köp sa­ty­lan al­bo­my bol­dy.
“Gram­my” baý­ra­gy­nyň lau­rea­ty bo­lan aý­dym­çy üs­tün­li­le­re bes­le­nen kar­ýe­ra­syn­da aw­gust aýyn­da “Mid­nights” al­bo­my bi­len “Spo­ti­fy”-da 100 mil­li­on diň­leý­ji­si bo­lan il­kin­ji ze­nan aý­dym­çy hök­mün­de ta­ry­ha ady­ny ýaz­dyu­ryp­dy. “Gram­my”-de üç ge­zek “Ýy­lyň al­bo­my” baý­ra­gy­ny ga­za­nan dört aý­dy­nyň bi­ri bo­lan Swift go­laý­da ki­no in­dust­ri­ýa­sy­na hem ga­dam bas­dy. Aý­dym­çy­nyň “Tay­lor Swift: The Eras To­ur” at­ly kon­sert fil­mi pro­ka­ta çy­kyp, ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zip­di. Film il­kin­ji hep­de­sin­de 96 mil­li­on dol­lar kas­sa ýy­gy­my­ny top­la­dy.
Go­laý­da bol­sa, aý­dym­çy­nyň mil­li­ar­der­le­riň sa­na­wy­na gi­ren­di­gi mä­lim edi­lip­di.