1989-njy ýylyň 9-njy noýabrda Berlin şäherinden geçýän diwar ýykylyp başlandy. Bu waka Ikinji jahan urşundan soňra iki bölünen Germaniýa Demokratik Respublikasy bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň birleşmegindäki esasy ädim boldy. Sowuk urşuň iň meşhur nyşanlaryndan biri bolan Berlin diwarynyň gurluşygyna 1961-nji ýylyň 13-nji awgustynda başlanypdy. Diwaryň şäheriň içinden geçýän ýeriniň uzynlygy 45 kilometre, umumy uzynlygy 156 metre ýetýärdi. Diwaryň käbir bölekleri taryhy hatyralamak üçin ýykylman goýuldy.