Türk­me­nis­tan Di­ýa­ry­myz­da hormatly Prezidentimiziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, her ýyl bel­le­niljek Gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­ni mil­li se­ne­na­ma­myz­da my­na­syp orun al­dy. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk, se­na­gat, ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän iş­gär­le­riň ru­hu­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär. Her ýy­lyň 3-nji no­ýab­ryn­da gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­mynyň işgärleri hü­när baý­ram­çy­ly­gy­ny bel­lär.
Eziz Di­ýa­ry­myz­da gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň ösü­şi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär hem-de oňa uly möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Bu top­lum ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da on­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da gur­lu­şyk pu­da­gyn­da uly öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Se­na­gat we gur­lu­şyk pu­da­gy ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk­la­ry ge­rek­li önüm­ler, se­riş­de­ler bi­len hem üp­jün ed­ýär. Aý­ra­tyn bel­lär­lik­li zat, se­na­gat üçin ze­rur çig mal hem-de esa­sy gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bo­lan se­ment, aý­na, me­tal, de­mir­be­ton jaý gur­lu­şyk önüm­le­ri hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň öz için­de ön­dü­ril­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz­da da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­niň kö­pel­ýän­di­gi­ni, Di­ýa­ry­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my ta­ra­pyn­dan hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da gur­lu­şyk pu­da­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň tä­ze önüm­çi­lik­le­ri­ni dö­ret­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­mak, önüm­çi­li­ge in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li çö­zül­ýär.
Mil­li se­na­ga­ty­my­zyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri-de se­ment önüm­çi­li­gi­dir. «Bä­her­den», «Bal­kan» we «Le­bap» se­ment za­wod­la­ryn­da dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän port­land se­men­tiniň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. «Türk­men aý­na önüm­le­ri» kär­ha­na­sy her ýyl­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýü­zi ör­tük­li aý­na­nyň 1 mil­li­on ine­dör­dül met­ri­ni, la­mi­nir­le­nen aý­na­nyň 100 müň, tap­la­nan aý­na­nyň 300 müň, aý­na pa­ket­le­ri­niň bol­sa 400 müň ine­dör­dül met­ri­ni ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň kän mü­dir­lik­le­rin­de we ho­ja­lyk­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän dür­li gör­nüş­dä­ki mag­dan däl gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk­la­ryn­da giň­den ula­nyl­ýar. Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de dö­re­di­len «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­ly elekt­ron en­jam­la­ryň en­çe­me­si ön­dü­ril­ýär. Olar­dan aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny yşyk­lan­dy­ry­jy çy­ra­la­ryň önüm­çi­li­gi, ça­ga­lar üçin komp­ýu­ter­le­riň, dür­li gör­nüş­li no­ut­buk­la­ryň, dür­li öl­çeg­li «Ze­min», «Tol­kun» we «Älem» te­le­wi­zor­la­ry­nyň, «Kör­pe» te­le­fon­la­ry­nyň, «Mil­li» smart­fon­la­ry­nyň, «Şow­ly» ny­şan­ly mo­nob­lok­la­ryň, «My­la­ýym» brend­li ho­ja­lyk ho­wa so­wa­dy­jy­la­ry­nyň, «Teş­ne» suw ul­ga­my­nyň, «Uç­gun» in­ter­net to­ru­ny paý­laý­jy­la­ryň, «Aý­tab» ny­şan­ly plan­şet­le­riň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ýol gur­lu­şy­gy­ny ös­dür­mek, tä­ze hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek, ýük we ýo­lag­çy gat­naw­la­ry­nyň möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýol-ulag dü­zü­mi­niň bar­ha kä­mil­leş­di­ril­me­gi, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak esa­syn­da tä­ze aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň hem-de köp­rü­le­riň gu­rul­ma­gy mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry bo­lup dur­ýar.
Umu­man, Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bin­ýat­lyk hem-de dü­şewünt­li pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.

Aý­je­mal Ala­şa­ýe­wa,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.