1680-nji ýylyň 14-nji noýabrynda nemes astronomy Gotfrid Kirh 1680-nji ýylyň Uly kometasy (Kirhiň kometasy, Nýutonyň kometasy diýlip hem atlandyrylýar. Ylmy ady C/1680 V1) atly kometany açýar. Bu asman jisimi teleskop arkaly anyklanan ilkinji kometadyr. Asman jisimi XVII asyryň iň ýagty kometalarynyň biri bolupdyr. Hatda ol gündizine-de ýalaňaç göz bilen görnüp, uzyn “guýrugy” bilen tapawutlanypdyr.