Ýew­ro­pa­nyň Or­ta ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky gü­neş­li ýur­dy bo­lan Is­pa­ni­ýa bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Ýy­lyň do­kuz aýyn­da bu ýur­da ba­ran ja­han­keş­de­le­riň sa­ny 18,8 gö­te­rim kö­pe­lip, 66,5 mil­lio­na ýe­tip­dir. Bu ba­ra­da Is­pa­ni­ýa­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk eda­ra­sy ha­bar ber­ýär. Bu ýyl­ky gör­ke­zi­ji 2019-njy ýy­lyň ýan­war-sent­ýabr aý­la­ryn­da­ky­dan 0,6 gö­te­rim az bo­lup­dyr. Bu bol­sa ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky de­re­jä go­laý­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ýur­da iň köp sy­ýa­hat­çy Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­dan (13,8 mil­li­on) ba­ryp­dyr. Bu ugur­da ikin­ji orun­da dur­ýan Fran­si­ýa­dan 9,4 mil­li­on, Ger­ma­ni­ýa­dan 8,5 mil­li­on adam Is­pa­ni­ýa­da dynç alyp­dyr.
Dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Is­pa­ni­ýa go­laý­da kä­bir ke­nar­ýa­ka şä­her­le­ri­ne we ada­la­ry­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len, sy­ýa­hat­çy­lar üçin goş­ma­ça sal­gyt gi­ri­zip­di.

Ak­so­na Gur­ban­my­ra­to­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.