8–21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti hytaý tarapynyň çagyrmagy boýunça Urumçi şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleri üçin deňiz portlarynda gümrük resmileşdiriliş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça iki hepdelik okuw maslahatyna gatnaşdy.
Wekiliýetiniň düzümine Aşgabat şäher we Balkan welaýat gümrükhanalarynyň çägindäki gury we deňiz port gümrük nokatlarynyň işgärleri girdi.
Okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar deňiz portlarynda gümrük resmileşdirilişini çaltlandyrmagyň amaly algoritmlerini, galtaşyksyz barlag ulgamlarynyň işini, elektron resminamalary awtomatlaşdyrylan tertipde taýýarlamagy hem-de serhetlerde konteýnerleri çalt resmileşdirmäge niýetlenen «Smart Railway Port» ulgamynyň işini jikme-jik öwrendiler. Gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmagyň «akylly» ulgamlaryny ulanmaga aýratyn üns berildi.
Hytaýyň gümrük resmileşdirme ulgamynda öňdebaryjy tejribesiniň özleşdirilmegi Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky gümrük nokatlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere ýardam eder.
Çeşme:customs.gov.tm
PDF








