Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlaryny dikeltmekde, türkmen bedewleriniň şöhratyny artdyrmakda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, olaryň tohumçylygyny gowulandyrmak, arassa ganlylygyny saklamak, ýyndamlygyny, gözelligini artdyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly hazynasydyr. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At ýaryşda, är söweşde», «At – ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýilýän nakyllardyr pähimli sözler hem halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar.
Watanymyzyň okgunly ösýän döwründe halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratynyň belende göterilýändigine şaýat bolmak diýseň ýakymly. Köpetdagyň dag eteginiň gözel ýerleriniň birinde döwrebap athana toplumy peýda boldy.
Hasyl toýy gününde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenilen täze, döwrebap athananyň açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk joşgunyna joşgun goşdy. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda gurlan döwrebap athana Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny belende götermek, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
15,4 gektar meýdany eýeleýän athananyň düzüminde zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen binalardyr desgalaryň birnäçesi bar. Olaryň arasynda dolandyryş, weterinariýa binalary, höwür atlaryň, degişlilikde, 40-sy we 60-sy üçin niýetlenen athanalar, ene baýtallar üçin her biri 88 atlyk athanalaryň bäşisi, iým üçin ýapyk ammar we beýleki desgalar bar. Desgalarda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler hem-de milli binagärligiň ýörelgeleri öz beýanyny tapypdyr.
Ýurdumyzda atşynaslara uly sarpa goýulýar, olar eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar, döwrebap şertlerde zähmet çekýärler. Üstümizdäki şanly ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi.
Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda şu ýyl geçirilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde Ak bugdaý etrabynyň çäginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň giň möçberli tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyzda bedewlerimiz babatda uly işler amala aşyryldy. Şonda taryhda hemişelik yz galdyran Ýanardag, Polatly, Akhan ýaly bedewleriň atlary ebedileşdirildi, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Mundan başga-da, tejribeli atşynaslara hormatly atlar dakylyp, seýisleriň, çapyksuwarlaryň arasynda halypa-şägirtlik ýörelgelerine giň ýollar açyldy.
Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny ösdürmekde, behişdi bedewlerimiziň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrmakda hem-de atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merdan ROZYMURADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.